«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazylmytaslama» institutynyň önümçiligi taýýarlamak boýunça inženeri Rejepmämmet Taýlyýewiň innowasion taslamasy Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda geçirilen ylmy işler boýunça bäsleşikde iň gowylaryň hataryna girdi. Bu bäsleşik Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan guraldy.
Rejepmämmet Taýlyýewiň ylmy-barlag işi ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumy üçin örän möhüm strategik ähmiýete eýedir. Ol guýulardan nebit çykarmakda täze, ygtybarly gazlift klapanlaryny işläp taýýarlamakdan ybarat. Ylmy-barlag işiň täzeçilligi guýa goýberilýän adaty klapanlardan tapawutlylykda uzak wagtlap işlemäge ukyply täze gurluşly klapanyň işlenip düzülenligindedir. Türkmen nebitçileriniň nebitgaz işinde ýeriň has çuň gatlaklaryna aralaşmaklarynyň netijesinde innowasion çözgütleri, enjamlary döretmek meselesi orta çykýar. «Nebitgazylmytaslama» institutynda işlenip taýýarlanan täze GK-40 gazlift klapanyny önümçilige ornaşdyrmak üçin tejribe-senagat synag işleri geçirildi. Täze taýýarlanylan enjam synag işlerinden soňra Goturdepe, Barsagelmez nebitgaz känlerinde önümçilige ornaşdyryldy. Biziň bu işimiziň önümçilige ornaşdyrylmagy ýeriň çuň jümmüşinde ýerleşen suwuklygy ýokary basyşly gazyň kömegi bilen ýer üstüne çykarmaga mümkinçilik berýär, netijede, önümçiligiň depgini artýar.
Ýaş hünärmenleriň gazanan bu üstünlikleri zehinli ýaşlary ýokary tehnologiýalar ugruna çekmek hem-de milli ykdysadyýetiň esasy pudaklaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça döwlet syýasatynyň ýokary netijeliligini aýdyň subut edýär.







