GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyny doglan güni bilen gutlady
16.06.2026

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

«Siziň parasatly ýolbaşçylygyňyzda Hytaý Halk Respublikasy durmuş-ykdysady ösüşinde, halkara abraýyny berkitmekde we halkyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmakda uly üstünlikleri gazandy» diýip, döwlet Baştutanymyz Gutlag hatynda belledi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasy bilen dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berýändigini hem-de däp bolşy ýaly, deňhukuklylyk, özara hormat goýmak we birek-biregiň bähbitlerini nazara almak ýörelgelerine esaslanýan ikitaraplaýyn strategik we giň gerimli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini belläp, bilelikdäki tagallalaryň netijesinde, türkmen-hytaý döwletara gatnaşyklarynyň hem-de strategik hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de yzygiderli pugtalandyryljakdygyna, iki ýurduň halklarynyň bähbidine täze mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna berk ynam bildirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Serdar Berdimuhamedow mümkinçilikden peýdalanyp, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine berk jan saglyk, bagtyýarlyk we jogapkärli döwlet işinde uly üstünlikleri, Hytaýyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk hem-de gülläp ösüş arzuw etdi.