GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmenistanda serkerdeler düzüminiň hatary artýar
15.06.2026

14-nji iýunda Türkmenistanyň Konstitusiýa binasynyň öňündäki meýdançada ýokary serkerdeler düzümini we işgärleri taýýarlaýan Türkmenistanyň Harby akademiýasynyň, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralary üçin hünärmenleri ýetişdirýän ýokary okuw mekdepleriniň nobatdaky uçurymlarynyň goýberiliş dabarasy boldy. Täze durmuş, zähmet ýoluna gadam basýan uçurymlar Esasy Kanunymyzyň hormatyna dikeldilen ajaýyp binanyň öňünde dabaraly ýagdaýda wepalylyk kasamyny kabul edip, halal ýaşamaga, zähmet çekmäge, okamaga, döretmäge, Watan goragynda sarsmaz gala bolup durmaga hemişe taýýardyklaryny mälim etdiler.

Esasy dabara başlanmazdan ozal, oňa gatnaşyjylar ussat mugallym, edermen esger, ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýewiň Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji Ýöriteleşdirilen harby mekdebinde ýerleşýän heýkeline we hormatly Prezidentimiziň mähriban atasy, içeri işler edaralarynyň hormatly weterany Mälikguly Berdimuhamedowyň heýkeline, «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynyň «Ruhy tagzym», «Milletiň ogullary», «Baky şöhrat» ýadygärliklerine gül desselerini goýdular. Soňra dabara gatnaşyjylar Türkmenistanyň Konstitusiýa binasynyň öňündäki meýdançada nyzama düzülip taýýar boldular. Bu meýdança uçurymlara serkerdelik şahsyýetnamalarynyň gowşurylyş dabarasynyň geçirilýän ýerine öwrüldi. Bu ajaýyp gün ykbalyny berkarar Watanymyzyň goragyna bagyşlaýan ýaş serkerdeleriň hakydasynda hemişelik galar.

Türkmenistanyň Döwlet senasy dabaraly ýaňlanandan soňra Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedowyň şanly waka mynasybetli Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlaryna, serkerdelerine, professor-mugallymlaryna iberen Gutlagy okaldy.

Dabara gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler. Soňra dabaraly ýagdaýda uçurymlara serkerdelik şahsyýetnamalary gowşuryldy.

Kalby ata Watana buýsanç duýgusyndan doly ýaş serkerdeler Döwlet baýdagynyň öňünde harby kasama wepaly boljakdyklaryna, Watanymyza, halkymyza we hormatly Prezidentimize ak ýürekden gulluk etjekdiklerine, ata-babalarymyzyň şöhratly söweşjeň däplerini mynasyp dowam etdirjekdiklerine kasam etdiler.

Dabaraly çäreler Aýratyn hormat garawuly polkunyň şahsy düzüminiň nyzam tilsimleri boýunça görkezme çykyşlary, edebi-sazly kompozisiýanyň ýerine ýetirilmegi bilen dowam etdi. Munuň özi dabara baýramçylyk öwüşginini çaýyp, Türkmenistanyň Harby akademiýasynyň, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralary üçin hünärmenleri ýetişdirýän ýokary okuw mekdepleriniň nobatdaky uçurymlarynyň ruhubelentligini has-da artdyrdy.

Soňra dabara gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul edip, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri barada edýän yzygiderli aladasy üçin hoşallyklaryny beýan etdiler.

Bu waka mynasybetli geçirilen dabara ýapyk diýlip yglan edilenden soň, Türkmenistanyň Döwlet kasamy ýerine ýetirildi.

Çärä gatnaşyjylaryň geçen dabaraly harby ýörişi Watan goragyna ykbalyny baglaýan uçurymlaryň her biriniň durmuşynda möhüm ähmiýetli tapgyryň jemlenýändigini alamatlandyrdy.