«Türkmennebit» döwlet konsernine ulanyş hem-de gözleg-barlag guýularynda gazuw işlerini geçirmek üçin zerur bolan möçberdäki oturtma we buraw turbalaryny satyn almak barada Hytaý Halk Respublikasynyň «Wuхi SP. Steel Tube Manufaсturing Сo., Ltd.» kompaniýasy bilen şertnamany öz serişdeleriniň hasabyna baglaşmaga ygtyýar berildi.
Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 12-nji iýunda gol çekdi.
Resminama Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen kabul edildi.







