GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi we türkmen halkyny Ylymlar güni bilen gutlady
13.06.2026

12-nji iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.

Ilki bilen, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Mejlisde ministrliklerden we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan gelip gowşan teklipler esasynda Türkmenistanyň Gümrük, Zähmet, Sanitariýa, Maşgala we Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodekslerine, «Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda», «Administratiw önümçilik hakynda», «Kazyýet hakynda», «Neşirýat işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzyň Mejlisinde BMG-niň Ilat gaznasynyň, Halkara Migrasiýa Guramasynyň Türkmenistandaky wekilleri bilen geçirilen duşuşyklar barada aýdyldy. Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleriniň BMG-niň düzüm birlikleriniň ýurdumyzyň degişli döwlet edaralary bilen bilelikde guran okuw maslahatlaryna, duşuşyklaryna gatnaşandyklary habar berildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow döwrüň talabyna laýyk gelýän täze kanun taslamalaryny işläp taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.

Soňra gözegçilik edýän toplumlarynyň işini kämilleşdirmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabatlar bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary çykyş etdiler. Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna birnäçe teklipler hem hödürlendi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňledi we hödürlenen teklipleri goldamak bilen olary durmuşa geçirmek boýunça wise-premýerlere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlendi we mejlise gatnaşyjylary we mähriban halkymyzy Ylymlar güni bilen tüýs ýürekden gutlady.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.