Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde «Daşky gurşaw meselelerini, durmuş zerurlyklaryny we ýokary dolandyrylyşy Merkezi Aziýanyň bilim we iş üpjünçiligi ulgamlarynda göz öňünde tutmak» (ESGCA) atly taslamanyň çäklerinde geçirilen içerki okuw maslahaty (In-Home Training) öz işini tamamlady. Taslama Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýär.
Bu okuw maslahaty Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti we Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen bilelikde geçirildi. Okuw maslahaty Türkmenistanyň tehniki ugurly ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmaga, ESG (Daşky gurşaw, jemgyýetçilik jogapkärçiligi we dolandyryş) ýörelgelerini bilim işine ornaşdyrmaga, döwrebap okuw modullaryny we bu ugur boýunça täze magistr maksatnamasyny işläp taýýarlamaga ukyply milli hünärmenler toparyny kemala getirmäge gönükdirilendir.
Okuw maslahatyny Italiýa Respublikasynyň Genuýa uniwersitetiniň wekilleri — Genuýa uniwersitetiniň Politehniki mekdebiniň professory Jiowanni Adorni, Durmuş ylymlary mekdebiniň professory Agostino Massa hem-de Halkara hyzmatdaşlyk müdirliginiň başlygy Anjelo Musaýo tarapyndan alyp bardylar. Onuň işine Slowakiýanyň Tehniki uniwersitetiniň sanlylaşdyrmak, sport we işgärler boýunça prorektory Stefan Stanko bilen bölüm müdiriniň orunbasary Iwona Skultetýowa hem goşuldy.
Gatnaşyjylar ESG-niň ýokary bilim ulgamyndaky orny öwrendiler, ESG ugurlaryny okuw maksatnamalaryna ornaşdyrmagyň usullaryny, okuw modullaryny we usulyýet materiallaryny taýýarlamak, sanly gurallary hem-de interaktiw okatmagyň usullaryny ulanmak bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şunda Moodle platformasyna aýratyn üns berildi.
«Daşky gurşaw meselelerini, durmuş zerurlyklaryny we ýokary dolandyrylyşy Merkezi Aziýanyň bilim we iş üpjünçiligi ulgamlarynda göz öňünde tutmak» taslamasy Ýewropa we Merkezi Aziýa döwletleriniň ýokary okuw mekdeplerini birleşdirýär. Onuň esasy maksady daşky gurşawyň durnuklylygy, jemgyýetçilik jogapkärçiligi we netijeli dolandyryş ýörelgelerini sebitiň bilim we iş üpjünçiligi ulgamlaryna ornaşdyrmakdan ybaratdyr. Taslamanyň möhüm netijeleriniň biri hem durnukly ösüşiň häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän täze nesil hünärmenlerini taýýarlamak üçin berk esas döretmekdir.
Gatnaşyjylaryň okuw maslahatynyň dowamynda alan bilimleri we amaly başarnyklary bilim maksatnamalaryny kämilleşdirmäge, täze akademiki başlangyçlary ösdürmäge hyzmat eder.







