GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýanyň güni mynasybetli Gutlag ýollady
12.06.2026

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine we Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustine hem-de ýurduň ähli halkyna Russiýanyň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
«Häzirki wagtda biziň ýurtlarymyz giň ugurlar boýunça üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler» diýip, Türkmenistanyň Prezidenti hatynda belledi hem-de strategik häsiýete eýe bolan türkmen-rus gatnaşyklarynyň bilelikdäki tagallalaryň netijesinde iki ýurduň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de depginli ösdüriljekdigine berk ynam bildirdi.
Döwlet Baştutanymyz Prezident Wladimir Putine hem-de Hökümet Başlygy Mihail Mişustine tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Russiýa Federasiýasynyň dostlukly halkyna bolsa abadançylyk we ösüş arzuw etdi.