GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
«Türkmennebit» döwlet konserniniň Suw üpjünçilik müdirligi önümçilik maksatly we ilata berilýän suwuň möçberini artdyrýar
11.06.2026

«Türkmennebit» döwlet konserniniň uglewodorod çig mallaryny çykaryjylaryny, burawlaýjylaryny, guýulary düýpli abatlaýjylaryny, önümli gatlaklaryň basyşyny kadalaşdyryjylaryny zerur mukdardaky önümçilik we agyz suwlary bilen üpjün etmek konserniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň Balkanabatdaky Suw üpjünçilik müdirliginiň paýyna düşýär. Olaryň taýsyz tagallasy bilen ýerasty Ýasga kölüniň töwereklerinde hereket edýän 49 sany topbak guýulardan we Hazar deňzinden kuwwatly sorujylar arkaly alynýan suwlaryň möçberi yzygiderli artdyrylýar. Ýokary üstünliklere beslenýän «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň geçen döwründe müdirlik boýunça 1 million 292 müň kub metrden gowrak agyz suwy we önümçilik suwlary alnyp, önümçiligiň ösüş depgini 102 göterim ýokarlandy. Munuň özi müdirlik boýunça geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde, 16 müň 350 kub metre golaý suwuň sarp edijilere artyk ugradylandygyna şaýatlyk edýär. Müdirligiň garamagyndaky suw geçirijileriň täzelenmegi we abatlanmagy gazanylýan ýokary üstünliklere oňaýly täsirini ýetirýär.

Suw üpjünçilik meselesini has-da gowulandyrmak maksady bilen, şu günler müdirligiň garamagyndaky suw geçirijileri abatlamak we çalşyrmak işleri guramaçylykly alnyp barylýar. «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazçykaryş» trestiniň «Ýöritegurluşykgurnama» müdirliginiň gurluşykçylarynyň ýakyndan ýardamy bilen Ýasga — Balkanabat aralygynda göwrümi 900 diametrlik suw geçirijisinde 330 metr, göwrümi 720 diametrlik suw geçirijisinde bolsa 800 metr aralygynda turbalar doly çalşyryldy. Şeýle hem Jebel — Goturdepe, Balkanabat — Uzboý aralygynda göwrümi 225 diametrlik suw geçirijileri täzelendi. Mundan başga-da, Ýasga suw ýatagynda 16,5 kilometrlik içki suw geçirijilerde abatlaýyş işleri amala aşyryldy.

Ýeri gelende aýtsak, şu günler «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň Ahal, Mary, Daşoguz welaýatlaryndan bolan burawlaýjylar toparlary Ýasga suw ýatagynda hereketsiz duran ajy we süýji suwly guýulary gazmak bilen birlikde, olarda goşmaça bejeriş-dikeldiş işlerini alyp barýarlar.

— Hünärmenlerimiziň esasy zähmet çekýän ýeri bolan Ýasga suw ýatagy Balkanabat şäherinden, takmynan, 100 kilometr aralykda ýerleşýär. Ol günbatarda Uly Balkan dagy, günortada Kiçi Balkan dagy, gündogarda günbatar Köpetdag gerişleri, demirgazykda Garagum sähralyklary bilen gurşalyp alnan. Bu ýerde müdirligimiziň Ýasga suw çykaryş we akdyryş sehi bolup, hünärmenlerimiz ýerasty Ýasga kölünden alynýan arassa agyz suwuny nebitçilerimize ýetirmekde tagallaly zähmet çekýärler.

Mundan başga-da, müdirligimiziň garamagynda Balkanabat, Goturdepe, Ekerem suw çykaryş we akdyryş sehleri hereket edýär. Müdirligimiziň işçi-hünärmenleri Ýasga — Balkanabat suw geçirijisi arkaly Balkanabat şäheriniň, Gumdag, Jebel, Hazar şäherçeleriniň ýaşaýjylaryny süýji agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün edip, Hazar deňziniň suwlaryny-da önümçilik maksatly işlere zerur mukdarda akdyrmagyň hötdesinden gelýärler. Bu jogapkärli işlerde Ýasga suw çykaryş we akdyryş sehiniň abatlaýjysy Röwşen Arazalyýew, kebşirleýjisi Öwezmyrat Täçgulyýew, suw çykaryjy operatory Sähetmyrat Baýramow, Balkanabat suw çykaryş we akdyryş sehiniň nasos gurluşygynyň maşinisti Jumadurdy Hojaberdiýew, kebşirleýjisi Arazmät Mämmetgeldiýew, Ekerem suw çykaryş we akdyryş sehiniň maşinistleri Toýmämmet Osmanow, Pena Penaýew, Goturdepe suw çykaryş we akdyryş sehiniň maşinisti Baýrammämmet Abdyýew, elektromontýory Amanmyrat Geldiýew nusgalyk zähmet çekýärler — diýip, Suw üpjünçilik müdirliginiň ýolbaşçysy Döwletgeldi Nurjanow gürrüň berdi.