Ýaňy-ýakynda hünär-tehniki bilim maksatnamasyny amala aşyrýan bilim edaralarynyň ýaşlarynyň arasynda hünär ussatlygy boýunça bäsleşigiň jemleýji döwlet tapgyry geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin Türkmenistanyň çar künjeginden hünär-tehniki bilim alýan ýaşlar, olaryň halypa mugallymlarydyr ussalary Aşgabada ýygnandylar.
Ýaşlary hünäre ugrukdyrmak, olaryň saýlap alan kärine bolan gyzyklanmasyny artdyrmak, amaly başarnyklaryny kämilleşdirmek maksady bilen yglan edilen bäsleşik 7 hünär ugry, ýagny elektromontaž, kafel düşemek, kerpiç örmek, santehnika, aşpezlik, konditerçilik, biçimçi-tikinçilik işleri boýunça geçirildi.
Bäsleşigiň aşpezlik ugry birinji orna «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň 2-nji hünär-tehniki okuw mekdebiniň 1-nji ýyl talyby Ogulgerek Saparowa mynasyp boldy.
Ýeňijilere Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň diplomlary, minnetdarlyk hatlary we sowgatlar gowşuryldy.
Hünär ussatlygy boýunça bäsleşik jemi üç tapgyrdan — hünär okuw mekdebi we okuw merkezi, Aşgabat, Arkadag şäherleri, welaýatlar boýunça tapgyrlardan hem-de jemleýji, döwlet tapgyryndan ybarat boldy. Oňa gatnaşyjylar her bir işi tehnologik sowatlylyk bilen ýerine ýetirip, kämil ele alan zähmet we iş öndürijilik usullaryny görkezdiler. Bäsleşikde ýerine ýetirilen ýumuşlaryň kesgitlenen wagtda doly tamamlanmagyna we hiline baha berildi.







