Ylymlar güni mynasybetli «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynda «Nebitgaz pudagyny ösdürmegiň ylmy esaslary» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.
Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasy tarapyndan geçirilen maslahata degişli toplumyň halypa ylmy işgärleri, ýaş hünärmenleri gatnaşdylar. Maslahatda institutyň hünärmenleriniň ýerine ýetiren we alyp barýan barlag, seljerme işleri, olaryň pikirleridir teklipleri diňlenildi. Hususan-da «Galkynyş» gaz käniniň gurluşyny seýsmiki taýdan öwrenmegiň netijeleri, «Oilfield manager» (OFM) programma üpjünçiliginde gaz we gazkondensat ýataklarynyň gorlaryny seljermek, tebigy gazyň düzümindäki kömürturşy gazy peýdaly maksatlar üçin ulanmak, ultrases we magnit usullary arkaly metallaryň fiziki, mehaniki häsiýetlerini derňemek barada çykyşlar diňlenildi. Ylmy-amaly maslahatyň barşynda halypa işgärler bilen ýaş hünärmenleriň arasynda sorag-jogap alşyldy. Soňra maslahat öz işini birnäçe bölümçelerde dowam etdi.
Çäräniň ahyrynda göreldeli zähmeti bilen tapawutlanan işgärlere Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.







