9-njy iýunda Aşgabatda ýerleşýän Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Aziýanyň syýasy partiýalarynyň halkara maslahatynyň (ICAPP) Sekretariatynyň Ýörite wekili Çong Te Iniň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň arasynda söwda gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerine aýratyn üns berdiler. Şunda energetika pudagyna ähmiýet berildi. Söhbetdeşler şeýle hem iki ýurduň halklarynyň arasynda dostlugy we özara düşünişmegi pugtalandyrmaga ýardam edýän medeni-ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmegiň zerurdygyny bellediler.
Iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagynda ýokary derejeli gatnaşyklaryň we daşary syýasat edaralarynyň arasynda yzygiderli syýasy geňeşmeleriň ähmiýeti nygtaldy.
Söhbetdeşler Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň halkara düzümleriň, şol sanda BMG-niň çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşlyk edýändigini bellediler.







