GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmenistanyň Prezidenti welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi
09.06.2026

8-nji iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Taňryguly Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Häkimler welaýatlardaky möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdiler.

Bellenilişi ýaly, sebitlerde galla oragyna guramaçylykly girişilip, ýetişdirilen hasyly ýitgisiz ýygnap almak, galla kabul ediş kärhanalarynda bökdençsiz kabul etmek boýunça zerur çäreler görülýär. Şunda oba hojalyk tehnikalary doly güýjünde işledilýär. Welaýatlaryň gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak boýunça öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, ekerançylyk meýdanlarynda ýazlyk ekinlere ideg etmek, ýeralmanyň we gök-bakja ekinleriniň hasylyny ýygnap almak işleri alnyp barylýar. Şeýle hem häkimler Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdiler.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, galla oragynyň guramaçylykly geçirilmegini, welaýatlaryň gowaça meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmegini ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda belledi we bu işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde welaýatlarda amala aşyrylýan işleriň öz wagtynda, ýokary hilli ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Taňryguly Atahallyýew ýurdumyzyň oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işler barada hasabat berdi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz hasabaty diňläp, ýetişdirilen bugdaý hasylyny ýygnap almak boýunça işleriň hem-de gowaça ideg işleriniň bellenen kadalara laýyklykda ýokary hilli geçirilmeginiň, Daşoguz we Lebap welaýatlarynda şalynyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek üçin zerur çäreleri görmegiň möhümdigini belledi hem-de wise-premýere bu ugurda alnyp barylýan işleri yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, häzirki wagtda ýurdumyzyň oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işlere ýene-de bir gezek ünsi çekdi hem-de bu jogapkärli möwsümi ýokary hilli we öz wagtynda geçirmek üçin toplumlaýyn çäreleri görmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.