GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Birža söwdalarynda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň önümleri ýerlenildi
09.06.2026

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda 8-nji iýunda geçirilen birža söwdalarynda içerki we daşarky bazarlarda ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň önümlerini satyn almak boýunça geleşikler baglaşyldy.

Içerki bazarda Türkmenistanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserni bilen «BND 60/90» kysymly şepbeşik nebit ýol bitumyny satyn almak boýunça geleşikleri baglaşdylar.

Daşarky bazarda Owganystanyň telekeçileri «Türkmengaz» döwlet konserni bilen suwuklandyrylan gazy satyn almak boýunça geleşikleri baglaşdylar. Serbiýaly işewürler Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginden buýan köküniň goýy ekstraktyny, guradylan arassalanmadyk buýan kökini we kök baldaklaryny satyn aldylar. Buýan köküniň goýy ekstrakty Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) telekeçilerine hem ýerlenildi.

Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 135 000 000 manada we 1 322 825 ABŞ dollaryna deň bolan 23 geleşik baglaşyldy.