«Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebin Guwanç Janmämmedow ýaşlaryň arasynda geçirilen «Aralyň geljegi – çözgütleri şu gün döredýäris» atly bäsleşiginiň ýeňijisi boldy.
Bäsleşik Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM) we Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň bilelikdäki taslamasynyň çäklerinde, Global ekologiýa gaznasynyň (GEF) maliýe goldawy bilen guraldy.
«Iň gowy eko-dizaýn» ugry boýunça çykyş edip, Guwanç Janmämmedow «Aral deňziniň ýaşyl goragy» atly işini hödürledi. Bäsleşikde şeýle hem «Iň innowasion pikir» we «Iň ruhlandyryjy konsepsiýa» ýaly ugurlar boýunça baýrakly orunlar göz öňünde tutuldy.
Guwanç Janmämmedow, beýleki ýeňijiler bilen bilelikde, şahadatnama we ýadygärlik sowgada mynasyp boldy.
Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekili Narine Saakýan ähli ýeňijileri gutlap, olaryň daşky gurşawy goramaga we Merkezi Aziýanyň iň möhüm ekologik meseleleriniň birini çözmekde innowasion çemeleşmelere ygrarlydygyny belledi. Ol wekilçilik edýän guramasynyň ýaşlaryň öz pikirlerini işläp düzüp we amaly çözgüt hökmünde hödürläp biljek meýdançalary döretmäge taýýardygyny bildirdi.
«Aralyň geljegi – çözgütleri şu gün döredýäris» bäsleşigi tutuş Türkmenistandan zehinli ýaşlary özüne çekdi. Gatnaşyjylar suw tygşytlaýjy tehnologiýalar, ekosistemalary dikeltmek, durnukly sarp ediş, çölleşmä garşy göreş we tebigy serişdeleri inklýuziw dolandyrmak ýaly ugurlary öz içine alýan giň meseleleri gozgadylar.







