Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynda geçen hepde geçirilen birža söwdalarynda daşarky bazarda nebithimiýa önümlerini satyn almak boýunça geleşikler baglaşyldy.
Owganystanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserni bilen «TS-1» kysymly awiakerosini satyn almak boýunça geleşikleri baglaşdylar.
Täjigistanyň, Owganystanyň we Türkiýe Respublikasynyň telekeçileri «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen «ECO-93» kysymly ulag benzinini satyn almak boýunça geleşikleri baglaşdylar.
Şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynda geçen hepde geçirilen birža söwdalarynda daşarky bazarda buýan köküniň goýy ekstraktyny satyn almak boýunça geleşikler baglaşyldy.
Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynda geçen hepde geçirilen birža söwdalarynda içerki bazarda pagta süýümini we nah ýüplügi satyn almak boýunça geleşikler baglaşyldy.
Birinji hilli arassalanan pagta ýagy, birinji hilli bugdaý uny we dokma önümleri içerki we daşarky bazarlarda ýerlenildi.







