Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde 2025-2026-njy okuw ýylynda uniwersiteti tamamlaýan uçurumlary üçin «Soňky jaň» dabarasy geçirildi.
Uçurymlar üçin bilim alan ojagy bilen hoşlaşmak tolgundyryjy pursatlara, joşgunly we şatlykly wakalara utgaşmak bilen birlikde, özbaşdak durmuşa gadam basylýandygyny we täze üstünliklere giň ýol açylýandygyny alamatlandyrdy. Okuw ýyllarynyň dowamynda ýaşlar ähli ugurlarda kämilleşmek üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat etjek köptaraply bilim aldylar.
Ene-atalar, mugallymlar ýokary okuw mekdebini tamamlaýan ýaşlara gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler. Uçurymlar hem bilim-terbiýe beren mugallymlaryna hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Okuw ýyllarynda dürli ders bäsleşiklerinde, sport ýaryşlarynda ýeňiji bolan, döredijilik we çeper höwesjeňleriň gözden geçirilişlerinde çykyş edenlere, tapawutlanan diplomlar bilen okuwyny tamamlaýan uçurumlara ýokary okuw jaýynyň rektory Baýrammyrat Atamanow tarapyndan hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.
Dabaralara gatnaşyjylar ýurdumyzyň bilim ulgamyny ösdürmek baradaky ägirt uly aladalary edýän Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna hoşallyklaryny beýan etdiler.







