GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy
08.06.2026

Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 7-nji iýunda gol çekdi.

Resminama laýyklykda, ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralaryna, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryna «Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynda» göz öňünde tutulan çäreleriň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

Karar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň durmuş-ykdysady, jemgyýetçilik-syýasy, medeni-ynsanperwer ulgamlarynda alnyp barylýan işlere erkekleriň we aýallaryň deň derejede gatnaşmagyny has-da ýaýbaňlandyrmak üçin zerur şertleri döretmek, Türkmenistanyň halkara şertnamalar esasynda öz üstüne alan gender deňligini üpjün etmek baradaky borçnamalaryna ygrarlydygyny beýan etmek we gender deňligini iş ýüzünde durmuşa geçirmek mümkinçiligini artdyrmak maksady bilen kabul edildi.