GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
«Türkmennebit» döwlet konserni tarapyndan nebiti çykarmagyň meýilnamasy 107,6 göterim ýerine ýetirildi
06.06.2026

«Türkmennebit» döwlet konserni tarapyndan nebiti çykarmagyň meýilnamasy 107,6 göterim ýerine ýetirildi. Bu barada 5-nji iýunda sanly ulgam geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer Guwanç Agajanowyň hasabatynda aýdyldy. Mejlisde şu ýylyň bäş aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Guwanç Agajanow ýurdumyzda nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmak, olary dünýä bazaryna çykarmagyň ugurlaryny köpeltmek boýunça 2026-njy ýylyň ýanwar — maý aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Bellenilen döwürde nebiti gaýtadan işleýän zawodlar tarapyndan nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 104,6 göterim ýerine ýetirildi. Benzin öndürmegiň meýilnamasy 110 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 110,4 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy 124,1 göterim, suwuklandyrylan gazy öndürmegiň meýilnamasy 111,4 göterim berjaý edildi. Tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasy bolsa 106,6 göterim boldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda tebigy gazyň we nebitiň çykarylýan möçberini artdyrmak, topluma häzirki zaman tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmak boýunça işleri dowam etdirmegiň, önümçilikleri doly kuwwatyna çykaryp, bökdençsiz işledilmegini üns merkezinde saklamagyň möhümdigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere geologiýa-gözleg we buraw işleriniň netijeliligini has-da ýokarlandyrmagy tabşyrdy.