Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi halkara hyzmatdaşlar bilen bilelikde nebitgaz pudagynda çaklamalary amala aşyrmak üçin emeli aňy (EA) ulanmak boýunça synag taslamalaryny işe girizmegi meýilleşdirýär.
Bu barada Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministri Hajymyrat Hudaýgulyýew Sankt-Peterburg halkara ykdysady forumynda eden çykyşynda aýtdy.
Ministriň bellemegine görä, emeli aň ulag-üstaşyr geçelgelerini dolandyrmakda we oba hojalygynda suw serişdelerinden netijeli peýdalanmagy kämilleşdirmekde hem ulanylar.
Mundan başga-da, Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň garamagyndaky «Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk kompaniýasynyň binýadynda Emeli aň boýunça başarnyklaryň merkezini döretmek meýilleşdirilýär. Bu merkez ylmy-barlag işlerini alyp barar, ussat hünärmenleri taýýarlamaga ýardam eder. Ýagny, sanly ulgamda milli bähbitlerimizi goldar.
Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministri Hajymyrat Hudaýgulyýew soňky üç ýylyň dowamynda ýurtda halkara internet kanallarynyň geçirijilik ukybynyň on esse artandygyny belledi. Bu bolsa sanly hyzmatlaryň, elektron söwdanyň we serhetüsti maglumat alyş-çalşygynyň ösdürilmegi üçin berk binýady döredýär.
Onuň sözlerine görä, Türkmenistan emeli aňy, uly maglumatlary (Big Data), blokçeýn tehnologiýalaryny we kiberhowpsuzlygy ykdysady ösüşiň esasy hereketlendiriji güýçleri hökmünde görýär. Ýurt Emeli aň çözgütlerini eýýäm bilim pudagynda, saglygy goraýyşda, oba hojalygynda we ulagda ornaşdyrýar.
Çeşme: «Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk kompaniýasy







