GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmenistanyň Prezidenti «Turkmentextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasyna gatnaşyjylary gutlady
04.06.2026

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabatda öz işine başlan «Turkmentextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasyna gatnaşyjylary gutlady.

Döwlet Baştutanymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň dokma senagaty milli ykdysadyýetimiziň ýokary depginlerde ösýän möhüm pudaklarynyň birine öwrülendigini belledi. Soňky ýyllarda, şol sanda geçen ýylyň dowamynda bu ugurda giň gerimli işler amala aşyryldy. Dokma kärhanalarynyň önümçilik kuwwatlyklary yzygiderli artdyryldy, pudaga öňdebaryjy innowasion tehnologiýalar ornaşdyryldy, ýokary hilli we dünýä standartlaryna laýyk gelýän eksport ugurly önümleriň görnüşleri ep-esli giňeldildi. Şonuň ýaly-da, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, dokma pudagynyň kärhanalarynda sanly ulgamyň we awtomatlaşdyrylan dolandyryş tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Bu bolsa önümçilik işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmaga, serişdeleri tygşytly peýdalanmaga, önümleriň hil derejesini halkara talaplara laýyklykda üpjün etmäge hem-de önümçiligiň doly sanly gözegçiligini amala aşyrmaga giň mümkinçilikleri döredýär. Zawod-fabriklerde häzirki zaman enjamlarynyň, ýokary öndürijilikli tehnologiýalaryň we sanly çözgütleriň ulanylmagy zähmet öndürijiliginiň ýokarlanmagyna, täze iş orunlarynyň döredilmegine, milli ykdysadyýetimiziň innowasion ösüşine uly itergi berýär.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz Türkmenistanyň ekologik taýdan arassa pagtasyndan öndürilýän dokma önümleri halkara bazarlarda ýokary hili, tebigylygy we bäsdeşlige ukyplylygy bilen giňden ykrar edilýändigine ünsi çekdi. Häzirki wagtda türkmen dokma önümleri dünýäniň köp sanly döwletlerine üstünlikli eksport edilýär. Bu bolsa ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň has-da berkeýändigini, halkara ykdysady hyzmatdaşlygyň barha giňeýändigini aýdyň görkezýär.

«Häzirki wagtda türkmen dokma önümleri dünýäniň köp sanly döwletlerine üstünlikli eksport edilýär. Bu bolsa ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň has-da berkeýändigini, halkara ykdysady hyzmatdaşlygyň barha giňeýändigini aýdyň görkezýär.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň döwrebap binasynda geçirilýän bu halkara sergi-ýarmarka ýurdumyzyň dokma senagatynyň gazananlaryny giňden görkezmek, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek, täze maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek hem-de innowasion tejribeleri alyşmak üçin uly mümkinçilikleri döredýär» diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hatynda ýazdy we «Turkmentextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkanyň işiniň netijeli geçjekdigine, ýurdumyzyň dokma senagatyny mundan beýläk-de ösdürmäge, halkara hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga mynasyp goşant goşjakdygyna berk ynam bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda gazanylýan üstünlikler Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň, halkymyzyň döredijilikli zähmetiniň hem-de döwletimiziň oňyn ösüş strategiýasynyň aýdyň netijesidigini buýsanç bilen aýtdy. Dokma senagatynda ýetilen sepgitler ýurdumyzyň senagat kuwwatynyň yzygiderli artýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr.

Hatynyň soňunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Turkmentextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasyna gatnaşyjylary bu möhüm halkara çäräniň başlanmagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady.