GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmenistanyň Prezidenti Bütindünýä welosiped güni mynasybetli geçirilen köpçülikleýin welosipedli ýörişine ýolbaşçylyk etdi
04.06.2026

3-nji iýunda ýurdumyzda Bütindünýä welosiped güni bellenildi. Bu halkara sene mynasybetli Aşgabatda geçirilen köpçülikleýin welosipedli ýörişe Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagy onuň many-mazmunyny has-da artdyrdy. Geçirilmegi indi asylly däbe öwrülen bu giň gerimli sport çäresi ilatyň beden we ruhy taýdan sagdynlygyny pugtalandyrmaga ýardam bermek bilen bir hatarda, ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmekde, sport medeniýetini ösdürmekde hem möhüm ähmiýete eýedir.

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň şu ajaýyp gününde welosipedli ýöriş paýtagtymyzyň Çandybil şaýoly bilen Bekrewe köçesiniň çatrygynda ýerleşýän«Welosiped» binasynyň ýanyndan badalga aldy.
Bu ýere Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Hökümet agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, şäher häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary ýygnandylar. Ýörişe daşary döwletleriň we halkara guramalaryň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri hem gatnaşdylar. Bu ýere ýygnananlaryň hatarynda Döwletliler köşgünde terbiýelenýänler, Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň, umumybilim berýän orta mekdepleriň okuwçylary, Türkmenistanyň welosport boýunça ýygyndy toparynyň türgenleri, talyplar, jemgyýetçilik wekilleri-de bardy.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz köpçülikleýin welosipedli ýörişe badalga berdi.

Döwlet Baştutanymyzyň göreldesine eýerip, bu asylly çärä gatnaşyjylar paýtagtymyzyň Çandybil we Bitarap Türkmenistan şaýollarynyň ugry bilen ýola düşdüler.

Ýakynda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Gökderedäki «Çynar» çagalar dynç alyş merkezinde dynç alýan Döwletliler köşgüniň ýaşlaryna türkmen halkynyň Milli Lideriniň we haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan welosipedler gowşuryldy. Munuň özi olaryň köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş, sport hereketine işjeň gatnaşmagyna giň ýol açyp, ýurdumyzda ýaş nesilleriň sagdyn bedenli, gujur-gaýratly kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri ugrunda döwlet derejesinde alada edilýändiginiň nobatdaky beýany boldy. Şu gün Döwletliler köşgünde terbiýelenýän şol ýaşlar hem Gahryman Arkadagymyzyň adyndan sowgat berlen welosipedlerde, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň göreldesine eýerip, welosipedli ýörişe uly ruhubelentlik bilen gatnaşdylar.

Bellenilen ugra görä, welosipedçileriň kerweni öz ýoluny paýtagtymyzyň giň şaýollary bilen dowam etdi. Köpetdagyň dag etekleriniň gözel görnüşleri, paýtagtymyzyň ajaýyp binagärlik keşbi ýörişe gatnaşýanlaryň ruhuny belende göterdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow welosipedli ýörişi tamamlap, paýtagtymyzdaky Ruhyýet köşgüniň ýanyndaky pellehana bardy. Bu ýerde welosipedli ýörişe gatnaşyjylar ýurdumyzyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan her ýylyň 3-nji iýunyny «Bütindünýä welosiped güni» diýip yglan etmek hakynda kabul edilen Kararnamanyň ähmiýetini bellediler hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowy bu şanly sene bilen tüýs ýürekden gutladylar.

Döwlet Baştutanymyz hem olary bu sport baýramçylygy bilen gutlady we Bütindünýä welosiped gününe bagyşlanyp geçirilen köpçülikleýin sport çäresine gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşyp, hemmelere berk jan saglyk, üstünlik arzuw etdi.

Şeýlelikde, şu gezekki welosipedli ýöriş jemgyýetimiziň agzybirliginiň, jebisliginiň, halkymyzyň sagdyn durmuş ýörelgelerine, ynsanperwer gymmatlyklara ygrarlydygynyň aýdyň güwäsi boldy.