Türkmenistanda 3-nji iýunda Bütindünýä welosiped güni bellenildi. Bu halkara sene mynasybetli paýtagtymyzda geçirilen köpçülikleýin welosipedli ýörişe hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagy onuň many-mazmunyny has-da artdyrdy. Bu barada “Türkmenistan: Altyn asyr” elektron gazetinde habar berildi.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz köpçülikleýin welosipedli ýörişe badalga berdi. Döwlet Baştutanymyzyň göreldesine eýerip, bu asylly çärä gatnaşyjylar paýtagtymyzyň Çandybil we Bitarap Türkmenistan şaýollarynyň ugry bilen ýola düşdüler.
Hormatly Prezidentimiz welosipedli ýörişi tamamlap, paýtagtymyzdaky Ruhyýet köşgüniň ýanyndaky pellehana bardy. Bu ýerde welosipedli ýörişe gatnaşyjylar ýurdumyzyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan her ýylyň 3-nji iýunyny «Bütindünýä welosiped güni» diýip yglan etmek hakynda kabul edilen Kararnamanyň ähmiýetini bellediler hem-de hormatly Prezidentimizi, Gahryman Arkadagymyzy bu şanly sene bilen tüýs ýürekden gutladylar.
Döwlet Baştutanymyz hem olary bu sport baýramçylygy bilen gutlady we Bütindünýä welosiped gününe bagyşlanyp geçirilen köpçülikleýin sport çäresine gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşyp, hemmelere berk jan saglyk, üstünlik arzuw etdi.







