Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal birasynda 3-nji iýunda geçirilen birža söwdalarynda daşarky bazarda «Türkmennebit» döwlet konserniniň önümlerini satyn almak boýunça geleşikler baglaşyldy.
Owganystanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserni bilen «TS-1» kysymly awiakerosini satyn almak boýunça geleşikleri baglaşdylar.
Daşarky bazarda Türkiýe Respublikasynyň we Owganystanyň telekeçileri «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen «ECO-93» kysymly ulag benzinini satyn almak boýunça geleşikleri baglaşdylar.
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal birasynda 3-nji iýunda geçirilen birža söwdalarynda içerki bazarda birinji hilli bugdaý uny ýerlenildi.
Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 51 430 000 manada we 25 137 750 ABŞ dollaryna deň bolan 9 geleşik baglaşyldy.







