Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Gutlag bilen ýüzlendi.
Gahryman Arkadagymyz Döwlet Baştutanymyzyň baştutanlygynda paýtagtymyz Aşgabatda, Arkadag şäherinde we welaýatlarymyzda häzirki zaman sport-sagaldyş toplumlary, köpugurly stadionlar, atçylyk sport toplumlary, sport mekdepleri gurlup ulanmaga berildi, döwrebap sport düzümleri döredilýändigini aýtdy. Ilatyň, aýratyn-da, ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini, ýokary netijeli sporty wagyz etmäge hem üns berilýär. Şeýle binýatlaýyn esasda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dünýä ölçeglerine laýyk gelýän öňdebaryjy sport-sagaldyş ulgamyny kemala getirmekde uly üstünlikler gazanylýar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri ýurdumyzda köpçülikleýin welosipedli ýörişleri yzygiderli geçirmek ýaly asylly däbiň başynyň başlanylmagy bolsa sagdyn durmuş ýörelgeleri bilen tebigata aýawly çemeleşmegiň özboluşly sazlaşygyny döredýändigini belledi Aşgabatda Merkezi Aziýada deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesiniň çäginde welosport boýunça dünýä çempionatlaryny geçirmäge mümkinçiligi bolan Welotrek binasynyň, paýtagtymyzyň gözel künjeginde «Welosiped» binasynyň gurulmagy, Gahryman Arkadagymyzyň nygtamagyna görä, munuň aýdyň güwäsidir. 2018-nji we 2019-njy ýyllarda Aşgabatda geçirilen iň köpçülikleýin tälim beriş sapagynyň, iň dowamly, bir nyzamly welosipedli ýörişiň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmegi hem Diýarymyzda sportuň bu görnüşiniň tarapdarlarynyň barha artýandygyny görkezýär.
«Häzirki zaman dünýäsinde welosiped ulagyň ekologik taýdan iň arassa görnüşi, işjeň we peýdaly dynç alyş üçin ajaýyp serişde hasaplanýar. Ol sportuň, ekologiýanyň, sagdynlygyň özara baglanyşygyny alamatlandyrýar. 2018-nji ýylda Garaşsyz döwletimiziň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 3-nji iýuny «Bütindünýä welosiped güni» diýip yglan etmek hakynda, 2022-nji ýylda «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly Kararnamalaryň biragyzdan kabul edilmegi Türkmenistanyň bu ugurda ählumumy tagallalara işjeň goşant goşýandygyny alamatlandyrýar.
Sport ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy has-da berkitmek, şeýle hem bütindünýä Olimpiýa hereketine goşulmak üçin Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň Sportda doping serişdelerini ulanmaga garşy göreş boýunça halkara Konwensiýasyny tassyklamagy, Olimpiýa nyşanlaryny gorap saklamak baradaky Naýrobi ylalaşygyna goşulmagy, Milli antidoping agentliginiň döredilmegi, halkara ýaryşlara işjeň gatnaşýan türkmen türgenleriniň gazanýan üstünlikleri we ýeňişleri sport ulgamynda durmuşa geçirilýän strategiýanyň netijelidiginiň aýdyň beýanydyr» diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ýazdy. Gahryman Arkadagymyz şeýle hem Arkadagly Gahryman Serdarymyzyzyň başda durmagynda bu günki gün Bütindünýä welosiped güni milli senenamamyzda aýratyn orny eýeläp, dostlugyň we parahatçylygyň, sportuň hem-de ynsanperwerligiň belent ýörelgelerini dabaralandyrýandygyny aýtdy. Bu möhüm senäniň şanyna geçirilýän köpçülikleýin welosipedli ýörişler, bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş çäreleri eziz Watanymyzyň sagdynlygyň, ruhubelentligiň ýurdy hökmünde abraýyny has-da belende göterýär.
Hatynyň soňunda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda halkara baýram hökmünde uly ruhubelentlikde bellenilýän Bütindünýä welosiped güni mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady! Gahryman Arkadagymyz Döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, uzak ömür, sport diplomatiýasyny has-da ilerletmek ugrunda alyp barýan işleriňizde mundan beýläk-de rowaçlyklary arzuw etdi.







