«Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde 2025-2026-njy okuw ýylynyň tamamlanmagy mynasybetli dabaraly çäre geçirildi.
Çärede çykyş edenler tamamalan okuw ýylynyň okuw mekdebiniň mugallymlarynyň we talyplarynyň üstünliklerine baý bolandygyny buýsanç bilen aýtdylar. Şunda döwlet we welaýat derejelerinde, şeýle hem okuw mekdebiň içinde geçirilen ders bäsleşiklerinde, sport ýaryşlarda tapawutlanan mugallymlara we talyplara hormat hatlary we ýädigärlik sowgatlary gowşuryldy. Ylmy işde tapawutlanananlar hem sylaglandy.
Çäräniň ahyrynda sylaglanan talyplar we mugallymlar öz gezeginde döredilýän şeýle giň mümkinçilikler üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini aýtdylar.







