GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmenistanyň Prezidenti welaýatlaryň we obasenagat toplumynyň ösüşi boýunça iş maslahatyny geçirdi
02.06.2026

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 1-nji iýunda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Taňryguly Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Häkimler welaýatlarda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdiler. Bellenilişi ýaly, sebitlerde galla oragyna girişmek, daýhan yhlasy bilen ýetişdirilen bugdaý hasylyny ýitgisiz ýygnap almak üçin taýýarlyk işleri geçirilýär. Welaýatlaryň gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara bejergi, ýekelemek, otag etmek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak boýunça öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek, ýetişdirilen hasyly ýygnap almak işleri dowam edýär. Mundan başga-da, häkimler Diýarymyzda giňden bellenilýän Bütindünýä welosiped güni mynasybetli welaýatlarda geçiriljek köpçülikleýin sport çärelerine taýýarlyk görlüşi, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdiler.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, galla oragyna guramaçylykly girişmegiň, bu jogapkärli möwsümi ýokary derejede geçirmegiň, ekerançylyk meýdanlaryndaky oba hojalyk işlerinde agrotehnikanyň kadalarynyň berk berjaý edilmeginiň möhümdigini belledi hem-de häkimlere bu babatda anyk tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli, öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy, Bütindünýä welosiped güni mynasybetli dabaralaryň ýokary guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Taňryguly Atahallyýewe söz berildi.

Wise-premýer, ilki bilen, hormatly Prezidentimize ýurdumyzyň pileçi kärendeçileriniň 2 müň 100 tonnadan gowrak pile ýetişdirip, şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý edendikleri baradaky hoş habary ýetirdi we bu waka mynasybetli Gahryman Arkadagymyzy hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzy ýurdumyzyň ähli oba zähmetkeşleriniň adyndan tüýs ýürekden gutlady.

Soňra Taňryguly Atahallyýew ýurdumyzyň oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işler barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň öz wagtynda ýerine ýetirilmeginiň, gowaça ideg etmekde agrotehnikanyň kadalarynyň berk berjaý edilmeginiň, galla oragy möwsümine taýýarlykly girişilmeginiň we bu möwsümi ýokary guramaçylykly geçirmegiň zerurdygyny belledi hem-de wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, zähmetsöýer pileçilerimiziň Watan harmanyna 2 müň 100 tonnadan gowrak pile tabşyrandyklaryny we şu ýylky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirendiklerini kanagatlanma bilen belledi hem-de ýurdumyzyň ussat pileçilerini, mähriban halkymyzy bu zähmet üstünligi bilen tüýs ýürekden gutlady.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.