GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Prezidentini Çagalary goramagyň halkara güni bilen gutlady
01.06.2026

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli Gutlag bilen ýüzlendi.

Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhmedowyň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu ajaýyp owaz has belentden ýaňlanýandygyny belledi. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň aýdyşy ýaly, Döwlet Baştutanymyz ýaş nesillerimiziň sagdyn, bagtyýar ösüp ulalmaklaryny, watançy, päk ahlakly, merdana, halal adamlar bolup ýetişmeklerini gazanmagy döwlet syýasatynyň esasy wezipeleriniň hatarynda kesgitledi. Bu bolsa ýurdumyzyň durnukly ösüşiniň möhüm şertidir.

«Çagalar biziň kalbymyzyň buýsanjy, öýlerimiziň ýaraşygy, durmuşymyzyň gül-gunçalarydyr. Şoňa görä-de, ata Watanymyzda çagalaryň mynasyp bilim we terbiýe almaklary, sport, döredijilik bilen meşgullanyp, ukyp-başarnyklaryny artdyrmaklary ugrunda ähli zerur tagallalar edilýär» diýip, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ýazdy we paýtagtymyzda, Arkadag şäherinde, welaýatlarymyzda gurlup ulanmaga berilýän çagalar baglarynyň, mekdepleriň, sport, sagaldyş-dynç alyş merkezleriniň sany ýylsaýyn artýandygyny belläp geçdi. Her ýylda sekiz we şondan köp çagany dünýä indiren hem-de terbiýeläp ýetişdiren enelere Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adynyň, köp çagaly maşgalalara amatly we ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrylan öýleriň berilmegi hem döwlet tarapyndan edilýän hemmetaraplaýyn aladanyň beýanydyr.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy gözel Gökdere jülgesindäki, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky, welaýatlardaky çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezleri bolsa ýaş nesillerimiziň sapaly dynç alyp, wagtyny şatlykly geçirmeklerine ýardam edýändigini hem aýtdy.

«Siziň baştutanlygyňyzda ýurdumyzda bu ugurda üstünlikli durmuşa geçirilýän syýasat, kabul edilýän maksatnamalar çagalaryň mynasyp okamaklaryna, döretmeklerine, bilimli, ylymly, beden taýdan sagdyn, Watana wepaly şahsyýetler bolup ýetişmeklerine gönükdirilendir» diýip, Gahryman Arkadagymyzyň Hatynda aýdylýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhmedowyň tagallalary bilen ösüp gelýän ýaş nesilleri durmuş taýdan goldamak, howandarlyga mätäç çagalaryň saglygynyň dikeldilmegine ýardam bermek, olaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin amatly şertleri döretmek ugrunda alnyp barylýan işler barha rowaçlanýar. Şunda, Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň halkymyzyň ynsanperwerlik, haýyr-sahawatlylyk ýörelgeleri esasynda amala aşyrýan asylly işlerine hem möhüm orun degişlidir.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Çagalary goramagyň halkara güniniň milli senenamamyzyň şanly seneleriniň hataryna girizilmegi döwletimiziň ýaş nesliň hukuklary we bähbitleri babatda Milletler Bileleşiginiň esas goýujy kadalaryna ygrarlydygyny alamatlandyrýandygyny nygtady.

Hatynyň soňunda Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady we Döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, uzak ömür, durmuşymyzyň gülleri bolan bagtyýar çagalara nurana geljegi peşgeş bermek ugrunda alyp barýan işleriňizde mundan beýläk-de rowaçlyklary arzuw etdi.