GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň bagtyýar çagalaryny hem-de halkyny Çagalary goramagyň halkara güni bilen gutlady
01.06.2026

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň bagtyýar çagalaryna hem-de halkyna Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli Gutlag ýollady.

Döwlet Baştutanymyz Çagalary goramagyň halkara güni adamzadyň dostluk hem-de parahatçylyk ýörelgelerini dabaralandyrýandygyny, çagalaryň parahat, asuda we bagtyýar durmuşda ýaşamak hukuklaryny üpjün etmek babatda dünýä jemgyýetçiliginiň tagallalaryny birleşdirýändigini aýtdy.

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu halkara baýram biziň ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň çagalaryň hukuklary we bähbitleri baradaky baş ýörelgelerine ygrarlydygyny alamatlandyrýan sene hökmünde möhüm ähmiýete eýedir. Şoňa görä-de, biz dünýä bileleşigi bilen birlikde, gözel Diýarymyzda bu baýramy belent dabaralara besläp, ýokary ruhubelentlikde belleýäris» diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz Hatynda ýazdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda hem jemgyýetçilik durmuşymyzda mynasyp orun alan bu halkara sene mynasybetli Aşgabat we Arkadag şäherlerinde, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda, Gökderede, welaýat merkezlerinde, şäherdir obalarda aýdym-sazly çäreler giňden guralýandygyna ünsi çekdi. Durmuşymyzyň gülleri bolan mähriban çagalarymyzyň berkarar döwletimizi, agzybir halkymyzy, ajaýyp zamanamyzy, dostlugy we parahatçylygy wasp edýän şirin aýdym-sazlary, şadyýan çaga gülküleriniň belentden ýaňlanmagy bagtyýar çagalygyň Diýary hökmünde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň at-abraýyny dünýä ýaýýar. Şunda Döwlet Baştutanymyz bagtyýar çagalaryň mekany hökmünde giňden tanalýan Watanymyzda bu halkara senäniň şanyna geçiriljek dabaralaryň şadyýan körpelerimiziň kalbynda egsilmez joşgun döretjekdigine we aýdyň geljegimize ynamy has-da berkitjekdigine ynam bildirdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň belleýşi ýaly, ýurdumyzda çagalar aýratyn üns we gyzgyn mähir bilen gurşalyp alynýar. Sebäbi berkarar Watanymyzyň geljegi hem-de dowamatymyz bolan ýaş nesillerimiz hakynda hemmetaraplaýyn alada etmek biziň alyp barýan döwlet syýasatymyzyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz döwletimizde çagalaryň hukuklaryny we azatlyklaryny berk goraýarys. Olaryň döwrebap bilim-terbiýe almaklary, watansöýüjiligiň, ynsanperwerligiň belent ýörelgelerine, maşgala gymmatlyklaryna eýerip, zehininiň, ukyp-başarnyklarynyň ösmegi, dünýägaraýşynyň kämilleşmegi, bagtly durmuşda ýaşamagy üçin ähli şertleri döredýäris. Aşgabat we Arkadag şäherlerinde, sebitlerimizde dünýä ölçeglerine doly laýyk gelýän, ähli amatlyklary bolan çagalar baglarydyr orta mekdepleri, dynç alyş merkezlerini we seýilgähleri yzygiderli gurýarys.

Döwlet Baştutanymyz Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyjy bilen döredilen hem-de abraýly gurama öwrülen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ornuna aýratyn üns çekdi. Hormatly Prezidentimiz haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan ýaş nesilleri durmuş taýdan goldamak, howandarlyga mätäç körpelerimiziň saglygynyň dikeldilmegine ýardam bermek, mynasyp durmuşda ýaşamagy üçin amatly şertleri döretmek ugrunda dünýä nusgalyk asylly işler durmuşa geçirilýändigini aýtdy.

Eneleriň we çagalaryň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün edilmegi barada söz açmak bilen, Döwlet Baştutanymyz her bir şahsyýetde şöhratly taryhymyzyň dowamynda kämilleşdirilip gelinýän milli buýsanç duýgusyny terbiýelemäge, maşgala mukaddesliklerini we gymmatlyklaryny mynasyp dowam etdirmäge, köp çagaly maşgalalary goldamaga hem-de höweslendirmäge döwlet derejesinde aýratyn üns berilýändigini nygtady.

«Goý, durmuşymyzyň gülleri bolan mähriban çagalarymyzyň şatlykly gülküleri hemişe belentden ýaňlansyn dursun!» diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow öz Hatyny jemledi we ýurdumyzyň bagtyýar çagalaryny hem-de halkyny Çagalary goramagyň halkara güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady.