GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
«Türkmennebit» döwlet konserniniň hünärmenleri Balkan welaýatynyň ygtybarly suw üpjünçiligini kepillendirýärler
01.06.2026

Uglewodorod çig malyny çykarýanlary, burawjylary we guýulary abatlaýan hünärmenleri suw bilen üpjün etmek «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň Balkanabat şäher suw üpjünçilik müdirliginiň üstüne ýüklenen jogapkärli wezipedir. Hünärmenleriň janypkeşlikli zähmeti netijesinde Ýasga ýerasty kölüniň töweregindäki 49 sany guýudan we Hazar deňzinden alynýan suwuň möçberleri artdyrylýar. Bu bolsa önümçilik desgalarynyň bökdençsiz işlemegini we sebitiň ýaşaýjylarynyň suw bilen amatly ýagdaýda üpjün edilmegini kepillendirýär.

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» şygar astynda geçýän ýylyň birinji çärýeginiň dowamynda 1 million kub metrden gowrak agyz suwy we tehniki suw öndürildi. Önümçiligiň ösüş depgini 116%-e barabar bolup, bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 51 müň kub metr köp diýmekdir. Müdirligiň garamagyndaky suw geçiriji ulgamlaryň täzelenmegi we abatlanmagy bu netijeleri gazanmaga mümkinçilik berdi.

Suw üpjünçiligi has-da kämilleşdirmek maksady bilen, suw geçiriji turbalary abatlamak we çalyşmak boýunça ýokary depginli işler alnyp barylýar. «Nebitgazçykaryş» trestiniň «Ýöritegurluşykgurnama» müdirliginiň gurluşykçylarynyň goldawy bilen Ýasga — Balkanabat böleginde diametri 900 mm bolan suw geçirijiniň 330 metri hem-de diametri 720 mm bolan suw geçirijiniň 800 metri dolulygyna çalşyldy. Şeýle hem Jebel — Goturdepe we Balkanabat — Uzboý ugurlaryndaky suw geçirijiler täzelenip, Ýasga ýatagynda uzynlygy 16,5 kilometre barabar bolan içerki suw geçiriji ulgamlar düýpli abatlandy.

Häzirki wagtda işlemeýän guýularyň dikeldilmegine aýratyn üns berilýär. «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň Ahal, Mary we Daşoguz welaýatlaryndan gelen burawjylar toparlary süýji we şor suwly guýularda dikeldiş we abatlaýyş işlerini alyp barýarlar.

— Biziň hünärmenlerimiz Balkanabat şäherinden takmynan 100 kilometr uzaklykda ýerleşýän Ýasga böleginde zähmet çekýärler, — diýip, Suw üpjünçilik müdirliginiň ýolbaşçysy Döwletgeldi Nurjanow gürrüň berýär. — Bu ýeri günbatardan Uly Balkan, günortadan Kiçi Balkan, gündogardan Köpetdagyň günbatar etekleri, demirgazykdan bolsa Garagum çölüniň çägi gurşap alýar. Suw çykaryş we daşalşy sehiniň hünärmenleri her gün nebitçileri arassa agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün edýärler, şeýle hem Balkanabat şäheriniň, Gumdag, Jebel we Hazar şäherçeleriniň ilatyny agyz suwy bilen üpjün edýärler.

Iň gowy işgärleriň hataryna Ýasga sehinde zähmet çekýän abatlaýyş ussa Röwşen Arazalyýew, kebşirleýji Öwezmyrat Täçgulyýew, suw çykaryjy operator Sähetmyrat Baýramow, nasos desgalarynyň maşinistleri Jumadurdy Hojaberdiýew, Toýmämmet Osmanow, Pena Penaýew we Baýrammämmet Abdyýew, şeýle hem elektromontýor Amanmyrat Geldiýew girýär. Olaryň halal zähmeti sebitiň ilatyny we senagat desgalaryny suw bilen ygtybarly üpjün etmäge mümkinçilik berýär.

Balkanabat şäher suw üpjünçilik müdirliginiň alyp barýan işleri ussatlygyň, jogapkärçiligiň we öz işiňe wepalylygyň aýdyň nusgasy bolup, munuň özi sebitiň ynamly ösmegine hem-de ilatyň we kärhanalaryň suw üpjünçiliginiň durnukly bolmagyna ýardam edýär.