Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli Gutlag bilen ýüzlendi.
Gahryman Arkadagymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ähli milli gymmatlyklarymyz bilen bir hatarda, halyçylyk sungatymyz hem döwrebap derejede ösdürilip, ajaýyp türkmen halylarynyň dünýädäki şöhratyny artdyrmak ugrunda uly işler amala aşyrylýandygyny belledi.
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň sözlerine görä, häzirki döwürde ajaýyp sungata öwrülen türkmen halylaryny giňden wagyz etmek, onuň gadymy nusgalaryny aýawly saklamak maksady bilen, ýurdumyzda bu pudagyň önümçilik düzümleri döwrebaplaşdyrylýar. Täze çeperçilik haly kärhanalary işe girizilýär. Olarda halyçylaryň netijeli zähmet çekmekleri, dynç almaklary üçin ähli zerur şertler döredilýär. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz Döwlet Baştutanymyzyň Permanyna laýyklykda, Watanymyzda milli halyçylyk sungatyny ösdürmekde, halkymyzyň buýsanjy bolan türkmen halylarynyň taýsyz gözelligini, nepisligini dünýä ýaýmakda, hala çeper nagyşlary salmakda bitiren uly hyzmatlary üçin tapawutlanan halyçylara döwlet sylaglarynyň berilmegine, hormatly atlaryň dakylmagyna ünsi çekip, bu işiň ussatlary hakynda döwletimiz tarapyndan edilýän aladalaryň netijesidigini aýtdy. Mundan başga-da Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde çeper halyçylyk kärhanasyny, Türkmen halysynyň we el işleriniň milli muzeýini gurmak hakynda çözgüdiň kabul edilmegi barada ýatlady we munuň ezber elli zenanlarymyzyň müdimi senedini geljek nesillere ýetirmek ýaly asylly maksady nazarlaýandygyny belledi.
«Häzirki döwürde halyçylyk sungatynda milli mirasyň baý däpleri we kämil tehnologiýalar utgaşdyrylyp, onuň üsti täze mazmun bilen ýetirilýär. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda-da Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli haly hem-de haly önümleriniň sergisiniň, Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXVI mejlisiniň we aýdym-sazly dabaralaryň geçirilmegi milli mirasymyzy wagyz etmek, giň jemgyýetçiligi ýurdumyzyň halyçylyk pudagynda gazananlary bilen tanyşdyrmak üçin täze mümkinçilikleri açýar», diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Hatynda ýazdy.
Hatyny tamamlamak bilen, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy törlerimiziň bezegi, göwünlerimiziň guwanjy bolan Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady. Türkmen halkynyň Milli Lideri Döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli başlangyçlarynda mundan beýläk-de rowaçlyklary arzuw etdi!







