GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli geçirilýän dabaralara gatnaşyjylary gutlady
30.05.2026

Türkmenistanda Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli uly dabaralar geçirilýär. Bu şanly sene mynasybetli Aşgabatda haly we haly önümleriniň sergisi açyldy hem-de Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXVI mejlisi öz işine başlady.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli haly we haly önümleriniň sergisine hem-de Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXVI mejlisine gatnaşyjylara Gutlag Hatyny ýollady. Döwlet Baştutanymyz türkmen zenanlarynyň ýiti zehininden, akyl-paýhasyndan dörän, nepisligi, müň dürli öwüşgini, reňkleriniň ajaýyp sazlaşygy, tebigy özboluşlylygy bilen dünýäni haýran eden ajaýyp türkmen halysy umumadamzat medeniýetiniň genji-hazynasynda mynasyp orun alan gözelligiň we nepisligiň nusgasydygyny belledi.

Serdar Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, ene-mamalarymyzyň, gelin-gyzlarymyzyň zehininden dörän bu ajaýyp sungatymyz dünýäde doly ykrar edildi. Türkmen milli halyçylyk sungatynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi bu gadymy senedi ebedileşdirmek ugrunda amala aşyrylan uly işleriň rowaçlanýandygynyň aýdyň nyşanydyr. Arkadagly Gahryman Serdarymyz döwlet nyşanlarymyzda türkmen haly gölleriniň ýerleşdirilmegi ata-babalarymyzyň wesýetlerine, asylly däplerine wepalylygyň nyşanydygyny hem belläp geçdi. Ol merdana halkymyzyň özboluşly däplerine eýermegiň, onuň milli aýratynlygyny, dünýägaraýşyny, häsiýetini we ruhy gymmatlyklaryny aýawly saklamagyň, geljeginiň rowaçlyklara beslenmeginiň nusgasydyr.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow täze taryhy döwürde halkymyzyň bütin dünýä ýaýran halyçylyk sungatyny ösdürmäge uly üns berilýändigini aýtdy. Bu nepis we ajaýyp sungaty Ýer ýüzünde wagyz etmek, yzygiderli kämilleşdirmek, halylaryň täze görnüşlerini döretmek, gadymy asyl nusgalaryny aýawly saklamak, dikeltmek üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Döwrebap çeper halyçylyk kärhanalary işe girizilip, olarda halyçy zenanlarymyzyň yhlasly zähmet çekmegi we dynç almagy üçin ähli zerur şertler döredilýär.

«Hünär ussatlygy, zähmetsöýerligi bilen hemmelere görelde bolýan ussat halyçy zenanlarymyzyň zähmetine döwletimiz tarapyndan ýokary baha berilýär. Olara hormatly atlar dakylyp, gymmat bahaly sowgatlar gowşurylýar. Biz mundan beýläk-de ellerinden dür dökülýän zehinli halyçy zenanlarymyzyň abadan, bagtyýar durmuşda ýaşamagy we dünýä meşhur türkmen halylaryny dokamaklary üçin ähli şertleri dörederis» diýip, Döwlet Baştutanymyz Hatynda ýazdy.

Hatynyň soňunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sergä we mejlise gatnaşyjylary, gadyrly halyçylary toýlarymyzyň bezegi, ojaklarymyzyň mukaddesliginiň nyşany bolan Türkmen halysynyň baýramy hem-de bu baýram mynasybetli geçirilýän haly we haly önümleriniň sergisiniň, Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXVI mejlisiniň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady. Döwlet Baştutanymyz olara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, bagtyýar durmuş, halyçylyk sungatymyzy döwrebap ösdürmek, bütin dünýä ýaýmak ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.