GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Daşary ýurtlaryň ýolbaşçylary Türkmenistanyň Prezidentini Gur­ban baý­ra­my bilen gutladylar
28.05.2026

Daşary ýurtlaryň ýolbaşçylary Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy Gur­ban baý­ra­my bilen gutladylar.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna Mu­kad­des Gur­ban baý­ra­my my­na­sy­bet­li Gutlag Hatlary Tür­ki­ýe Res­pub­li­ka­sy­nyň Prezidenti Re­jep Ta­ýyp Är­do­gan, Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Prezidenti Şaw­kat Mir­zi­ýo­ýew, Tä­ji­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Prezidenti Emo­ma­li Rah­mon, Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy­nyň Prezidenti Sa­dyr Ža­pa­row, Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­niň Prezidenti Şeýh Mo­ham­med bin Za­ýed Al Na­haý­ýan, Bah­reý­niň Pa­ty­şa­sy Ha­mad bin Isa Al Ha­li­fa, Ku­weýt Döw­le­ti­niň Emi­ri Şeýh Mi­şaal Al-Ah­mad Al-Ja­ber Al-Sa­bah, Pa­les­ti­na Döw­le­ti­niň Prezidenti Mah­mud Ab­bas ýolladylar. 
Daşary ýurtlaryň Baştutanlary Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa berk jan sag­lyk, aba­dan­çy­lyk, jo­gap­kär­li döw­let işinde uly üs­tün­lik­le­ri, Türk­me­nis­ta­nyň do­gan­lyk hal­ky­na bol­sa pa­ra­hat­çy­lyk we ösüş ar­zuw etdiler. Şeýle hem ýurt­la­ry­my­zyň ara­syn­da­ky äh­li de­re­je­de ok­gun­ly ös­dü­ril­ýän hyz­mat­daş­lyk öza­ra yna­ma, dost-do­gan­lyk, hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk ýö­rel­ge­le­ri­ne esas­lan­ýar hem-de bu gat­na­şyk­la­ryň bi­le­lik­dä­ki ta­gal­la­la­ry­myz ne­ti­je­sin­de halk­la­ry­my­zyň röw­şen gel­je­gi­niň bäh­bi­di­ne üs­tün­lik­li ös­dü­ril­jek­di­gi­ne ynam bildirildi.