GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Halk Maslahatynyň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi
27.05.2026

26-njy maýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Halk Maslahatynyň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýaşulularyň gatnaşmagynda geçirilýän wagyz-nesihat işleriniň netijeleri we ynsanperwer ýörelgeleri ilerletmegiň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gahryman Arkadagymyz Ýaşulular geňeşiniň nobatdaky mejlisinde onuň gün tertibine girizilen meseleler boýunça çykyş etdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, ilki bilen, Ýaşulular mejlisine gatnaşyjylary «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda eziz Diýarymyzda giňden bellenilýän, belent ahlak gymmatlyklaryny hem-de ynsanperwerligi dabaralandyrýan Gurban baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady. «Goý, Gurban baýramy günlerinde okaljak aýat-töwirler, ediljek doga-dilegler Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun!» diýip, Gahryman Arkadagymyz sözüni dowam etdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy şu gün Ýaşulular geňeşinde ýerine ýetirilmeli işleriň ara alnyp maslahatlaşylýandygyny aýdyp, ýaşulular bilen duşuşyp, hal-ahwal soraşyp, halkymyzyň hal-ýagdaýy barada pikir alyşmak, ýerlerde ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän işleri wagyz-nesihat etmek babatda alnyp barylýan işler, obadyr şäherleriň ýagdaýy barada söhbetdeş bolmakçydygyny nygtady. Gahryman Arkadagymyz mejlisiň gün tertibine laýyklykda, halkyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän özgertmeleri wagyz-nesihat etmek, ýerlerde ýaş nesilleri watançylyk ruhunda terbiýelemek, ýaş we köp çagaly maşgalalara, mümkinçiligi çäkli çagalara hemaýat bermek boýunça alnyp barylýan işleriň ýagdaýyna we beýleki meselelere serediljekdigini aýtdy.

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda täze döwrüň möhüm wezipelerinden ugur alyp, ähli tagallalarymyzy, gujur-gaýratymyzy, döredijilikli başlangyçlarymyzy döwletimiziň hem-de jemgyýetimiziň depginli ösüşini üpjün etmäge gönükdirdik. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak, ýurdumyzyň syýasy-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda ynamly ösýän, abraýly döwlet hökmünde dünýädäki ornuny has-da pugtalandyrmak ugrunda giň gerimli işler üstünlikli amala aşyrylýar» diýip, Türkmen halkynyň Milli Lideri sözüni dowam etdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahaty Türkmenistanyň halkynyň bähbitlerine wekilçilik edýän ýokary wekilçilikli edara bolup durýar. Halk Maslahaty döwlet ähmiýetli wezipeleri amala aşyrmaga, halkymyzyň agzybirligini hem-de jebisligini has-da berkitmäge ýakyndan gatnaşýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň hemmetaraplaýyn ösmegine ýardam bermek boýunça degişli işleri durmuşa geçirýär. Gahryman Arkadagymyz Halk Maslahatynyň ýanynda döredilen Ýaşulular geňeşiniň işine uly ähmiýet berilýändigini belläp, degişli Düzgünnama laýyklykda, Ýaşulular geňeşiniň döwlet ähmiýetli soraglary çözmekde geňeşçi-maslahat beriji topar bolup durýandygyna ünsi çekdi. Ýaşulular geňeşiniň agzalarynyň wagyz-nesihat etmek, ösüp gelýän ýaş nesillerimizi goldamak babatda ýerlerde alyp barýan işleri, ýaş we köp çagaly maşgalalara, mümkinçiligi çäkli çagalara hemaýat bermek boýunça geçirýän çäreleri agzybirligimizi pugtalandyrmaga, milli bitewüligimizi berkitmäge, watansöýüji nesilleri kemala getirmäge ýardam edýär.

«Häzirki döwürde mähriban halkymyz baradaky hemmetaraplaýyn alada döwletimiziň alyp barýan durmuş syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyzyň her bir raýaty ata Watanymyza belent söýgüsi bilen ýaşaýar we yhlasly zähmet çekýär. Abadançylygyň, bagtyýarlygyň, gülläp ösüşiň bähbidine döwlet adama, adam bolsa döwlete gulluk edýär. Bu bolsa «Döwlet adam üçindir!» diýen syýasatymyzyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýär» diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy aýtdy. Döwletimiziň tagallasy bilen ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeler ykdysadyýetimizi ähli ugurlar boýunça ösdürmäge hem-de ägirt uly ösüşleri gazanmaga, adamlaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga mümkinçilik berýär. Mähriban halkymyzyň abadançylygy üçin durmuşa geçirilýän işlerde Ýaşulular geňeşiniň agzalarynyň aýratyn ähmiýetli orny bardyr.

Soňra Gahryman Arkadagymyz mejlisiň gün tertibiniň birinji meselesi bolan ýerlerde halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, ýurdumyzda amala aşyrylýan işleri wagyz-nesihat etmek babatda alnyp barylýan işler barada çykyş etmek üçin Ýaşulular geňeşiniň agzalaryna söz berdi.

Ýaşulular geňeşiniň agzalary, ilki bilen, Gahryman Arkadagymyzy we hemmeleri mukaddes Gurban baýramy, giňden bellenilen Aşgabat şäheriniň güni, «Soňky jaň» dabarasy mynasybetli gutladylar.

Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde ata-babalarymyzyň müňýyllyklardan gözbaş alýan asylly we ynsanperwer ýörelgeleri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde işjeň ösdürilýär we dowamata atarylýar. Ýaşulular geňeşiniň agzalarynyň türkmen halkynyň gadymdan gelýän maslahatlaşmak, ula-kiçä hormat goýmak däplerine esaslanýan wagyz-nesihat işlerini alyp barýar. Şunda halkymyzyň köpýyllyk durmuş hem-de iş tejribesine daýanylýar. Sebitleriň ýaşululary ilat arasynda ýygy-ýygydan bolup, olar bilen ekerançylyk meýdanlarynda, oba durmuşynda we şäherlerde ýerine ýetirilýän işleriň netijeleri bilen gyzyklanyp durýarlar. Adamlaryň isleg-arzuwlaryny öwrenýärler.

Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza beýik işleri üçin minnetdarlyklaryny bildirip, Ýaşulular geňeşiniň agzalary öz öňlerinde durýan wezipeleriň mundan beýläk-de üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynam bildirdiler.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy manyly çykyşlar üçin minnetdarlyk bildirdi we Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe tutumly işleri amala aşyrmakda, agzybirligimizi, jebisligimizi has-da pugtalandyrmakda baý zähmet hem-de durmuş tejribesi bolan ýaşulularyň maslahatlaryna uly ähmiýet berilýändigini aýtdy. Olaryň her bir maşgalada asudalygy we agzybirligi üpjün etmekde, giň gerimli jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady özgertmeleri durmuşa geçirmekde alyp barýan işleri, maslahatlary, goldawlary, öwüt-ündewleri örän möhümdir.

Soňra Türkmen halkynyň Milli Lideri gün tertibiniň ikinji meselesi bolan ýerlerde ösüp gelýän ýaş nesilleri watançylyk ruhunda terbiýelemek, ýaş we köp çagaly maşgalalara, mümkinçiligi çäkli çagalara hemaýat bermek boýunça alnyp barylýan işler barada çykyş etmek üçin Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy Rejep Bazarowa söz berdi.

Rejep Bazarow çykyşynyň başynda Gahryman Arkadagymyzy we Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, mejlise gatnaşyjylary «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda bellenilýän Gurban baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady.

Ýurdumyzda ýaş nesilleriň sagdynlygy we abadan durmuşy hakyndaky aladanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň birine öwrülendigini belläp, Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy hereket edýän milli kanunçylyga laýyklykda, ýaş we köp çagaly maşgalalara, mümkinçiligi çäkli çagalara döwlet derejesinde durmuş goldawynyň yzygiderli berilýändigini nygtady. Şunda nesilleriň durmuş goraglylygyny üpjün etmek meselelerine zerur üns berilýär. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň işinde halkymyzyň taryhyň dowamynda döreden ynsanperwer ýörelgelerine aýratyn orun degişlidir. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen Ýaşulular geňeşiniň agzalary ýaş nesilleriň halkymyza, mähriban Watanymyza wepaly ýaşlar bolup ýetişmekleri ugrunda zerur tagallalary edýärler.

Rejep Bazarow geňeşiň agzalarynyň çagalaryň mähriban halkymyza, Garaşsyz Watanymyza, il-günümize wepaly şahsyýetler bolup ýetişmekleri bilen bagly soraglara seredýändigini nygtap, Gahryman Arkadagymyzyň çagalara hossarlyk edip, howandarlyk bilen garap, olaryň halkyň Arkadagynyň beýik adyny götermekleri üçin ähli mümkinçilikleri döredendigini, şunda Tükmen halkynyň Milli Lideriniň belleýşi ýaly, ýurdumyzda hossarsyz çaganyň ýokdugyny, her bir çaganyň arkasynda döwletiň durandygyny, hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň durandygyny nygtady. Şeýle hem Rejep Bazarow Gahryman Arkadagymyza ýakynda doglan we hossarsyz galyp, Aşgabat şäheriniň çagalar öýünde terbiýelenilýän gyzjagaza mynasyp at dakmak baradaky teklip bilen ýüzlendi.

Hemişe ýurdumyzyň ýaş nesilleri, aýratyn-da, howandarlyga mätäç çagalar bilen duşuşmagyň, olaryň hal-ahwaly, saglyk ýagdaýy, okuwy, höwes edýän ugurlary bilen gyzyklanmagyň çagalarda guwanç duýgusyny döredýändigini nygtap, Rejep Bazarow Ýaşulular geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň Çagalary goramagyň halkara gününiň öň ýanynda geçirilmeginde aýratyn many bardygyna ünsi çekdi.

Rejep Bazarow Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesiller hakynda edýän atalyk aladalary, döredýän mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza hoşallyk bildirip, türkmen halkynyň Milli Lideriniň janynyň sag, belent başynyň aman bolmagyny, döwletli tutumlarynyň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.

Gahryman Arkadagymyz Ýaşulular geňeşiniň agzalarynyň teklibini oňlap, bu çaganyň aýlaryň seresi mukaddes Gurban aýynda doglandygyny nazara alyp, oňa Arkadag gyzy Gurbangül diýip at dakmagy maslahat berdi. Munuň özi ýurdumyzda sahawatly senelere goýulýan sarpanyň aýdyň nyşany bolar. Türkmen halkynyň Milli Lideri ýurdumyzda hossarsyz-howandarsyz çagalaryň ýokdugyny, olaryň arkasynda dag ýaly bolup kuwwatly döwletimiziň durandygyny ýene bir ýola belledi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna çagajyklary goldamak, saglygyny dikeltmek, olaryň hemaýata mätäçlerine saglygy goraýyş, durmuş maksatly kömekleri bermek we müňlerçe çaganyň jemgyýetiň hem-de döwletiň durmuşyna doly derejede gatnaşmaga bolan hukugyny üpjün etmek boýunça ähli zerur şertleriň döredilendigini nygtady. Ýurdumyzda çagalaryň saglygyny goramaga gönükdirilen, häzirki zamanyň iň ýokary talaplaryna laýyk gelýän enjamlar bilen üpjün edilen sagaldyş-dikeldiş merkezleri gurulýar. Arkadag şäherindäki çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde döredilen amatly şertler bolsa döwlet tarapyndan halkymyzyň, çagalaryň geljegi, saglygy hakyndaky düýpli aladalaryň aýdyň mysalydyr. «Sahawat ýoly türkmeniň ýoludyr. Şoňa görä-de, biz geljekde hem hemaýata mätäç çagalara kömek etmek boýunça alyp barýan işlerimizi güýçlendirmegi maksat edinýäris» diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy.

Rejep Bazarow gün tertibiniň üçünji meselesi boýunça çykyş edip, Ýaşulular geňeşiniň mejlislerinde kabul edilýän çözgütleriň işleriň ilerlemegine oňyn täsirini ýetirýändigini belledi. Düzgünnama laýyklykda, Ýaşulular geňeşi Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde hereket edýär. Geňeşiň düzümi türkmen halkynyň Milli Lideriniň Karary bilen tassyklanylýar hem-de oňa degişli üýtgetmeler girizilýär. Bu barada aýtmak bilen, Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy häzirki wagtda ähli welaýatlarda we Aşgabat şäherinde Karar bilen bellenen Ýaşulular geňeşiniň agzalarynyň bardygyny belläp, Arkadag şäherine hem mynasyp wekilçilik etjek ýaşuly agzalar barada Gahryman Arkadagymyzdan öz maslahatlaryny bermegini haýyş etdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Ahal welaýatyna wekilçilik edýän Arkadag şäheriniň ýaşaýjysy K.Täşliýewiň, şol bir wagtyň özünde, Arkadag şäherine hem wekilçilik edýändigini aýdyp, özüniň hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ýolbaşçysy hökmünde Arkadag şäherine wekilçilik etjekdigini belledi.

Gahryman Arkadagymyz häzirki döwürde ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmek, jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolan her bir adamyň abadan durmuşda ýaşamagy, döredijilikli zähmet çekmegi, mynasyp dynç almagy üçin hemmetaraplaýyn şert döretmek, ýaşlarymyzy watançylyk ruhunda terbiýelemek meseleleriniň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenendigini aýtdy.

«Nesip bolsa, geljekde hem mähriban halkymyzyň goldawy bilen Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň dünýädäki abraýyny has-da ýokarlandyryp, raýatlarymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan tutumly işlerimizi güýçli depginlerde dowam etdireris» diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy şu gün Ýaşulular geňeşiniň agzalary bilen birnäçe wezipelere seredilendigine ünsi çekdi. «Men siziň her biriňiziň ýurdumyzda durmuşa geçirilýän işlere mynasyp goşant goşjakdygyňyza berk ynanýaryn» diýip, Gahryman Arkadagymyz sözüni jemledi.

Şunlukda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň nobatdaky mejlisi öz işini tamamlady. Türkmen halkynyň Milli Lideri oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.