GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň ýolbaşçylaryny ýurduň Garaşsyzlyk güni bilen gutlady
26.05.2026

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gruziýanyň Prezidenti Mihail Kawelaşwilä hem-de Premýer-ministri Irakliý Kobahidzä Gruziýanyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

«Biz Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda ýola goýlan dostlukly gatnaşyklara uly ähmiýet berýäris. Ýurtlarymyzyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de dürli ugurlar boýunça ösdüriljekdigine we pugtalandyryljakdygyna ynam bildirýäris» diýip, Döwlet Baştutanymyz hatynda belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Prezident Mihail Kawelaşwilä we Premýer-ministr Irakliý Kobahidzä berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Gruziýanyň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi.