GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmenistanyň Prezidenti oba hojalygy we welaýatlaryň ösüşi boýunça iş maslahatyny geçirdi
26.05.2026

25-nji maýda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Taňryguly Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Häkimler welaýatlarda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdiler.

Bellenilişi ýaly, sebitlerde galla oragyna guramaçylykly girişmek hem-de ýetişdirilen bugdaý hasylyny ýitgisiz ýygnap almak maksady bilen zerur taýýarlyk işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, otag etmek, ýekelemek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak maksady bilen, welaýatlaryň ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek, ýetişdirilen hasyly ýygnap almak işleri dowam edýär. Mundan başga-da, häkimler welaýatlarda çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümine, Gurban baýramy mynasybetli geçiriljek medeni-köpçülikleýin çärelere taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdiler.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işlerine ünsi çekdi we galla oragyna ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlyk görmegiň, welaýatlaryň ekerançylyk meýdanlarynda ýaýbaňlandyrylan agrotehniki çäreleriň talabalaýyk alnyp barylmagynyň möhümdigini belläp, bu babatda häkimlere anyk tabşyryklary berdi. Şeýle hem Döwlet Baştutanymyz Gurban baýramy mynasybetli welaýatlarda medeni-köpçülikleýin çäreleri ýokary guramaçylykly geçirmek babatda tabşyryklary berdi.

Soňra Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Taňryguly Atahallyýewe söz berildi. Ol, ilki bilen, welaýatlarda galla oragyna başlamaga ak pata berendigi üçin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa ýurdumyzyň oba zähmetkeşleriniň, gallaçy babadaýhanlarynyň adyndan tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Soňra wise-premýer oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ekerançylyk meýdanlaryndaky agrotehniki çäreleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmeginiň, bu işlerde agrotehnikanyň kadalarynyň berk berjaý edilmeginiň, önümçilige innowasion usullaryň yzygiderli ornaşdyrylmagynyň ekinlerden bol hasyl almaga, netijede, ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmaga ýardam berýändigini belledi hem-de wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Arkadagly Gahryman Serdarymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işlerine ýene-de bir gezek ünsi çekdi we ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda ýaýbaňlandyrylan işleriň agrotehniki talaplara laýyklykda geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.