Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň orta mekdepleriniň uçurymlaryna, mugallymlaryna we ähli bilim işgärlerine «Soňky jaň» dabarasy hem-de 2025-2026-njy okuw ýylynyň üstünlikli tamamlanmagy mynasybetli Gutlag bilen ýüzlendi.
Döwlet Baştutanymyz Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýunyň taryhy wakalar bilen şöhratlanýan «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda bu bilimler baýramçylygyna bagyşlanan dabaralaryň siziň ähliňizde ýatdan çykmajak ýakymly pursatlary we ýokary watansöýüjilik joşgunyny döretjekdigine berk ynam bildirdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gözel Aşgabat we Arkadag şäherlerinde, berkarar döwletimiziň ähli şäherdir obalarynda geçirilýän baý mazmunly çäreler «Soňky jaň» dabarasynyň jemgyýetçilik durmuşymyzda tutýan ornuny has-da ýokarlandyrýandygyny belledi. Belent döredijilik ruhuna ýugrulan bu dabaralar Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlarymyzyň döwrebap bilimleri we ylymlary ele almaklary, zehin-başarnyklaryny kesp-hünärlere, zähmete gönükdirmekleri, mugallymlaryň döredijilikli işlemekleri üçin ýurdumyzda amala aşyrylýan nusgalyk işleri bütin dünýä aýan edýär.
«Bilim asyrlaryň dowamynda kemala gelen milli buýsanjymyzyň gözbaşydyr, abraý-mertebämiziň dünýä dolan belentligidir, abadançylygymyzyň we beýik ösüşlerimiziň sarsmaz binýadydyr. Bilim arkaly biz ajaýyp geljegimizi gurýarys, belent maksatlarymyzy amala aşyrýarys, ylymly-bilimli hem-de Watana wepaly nesilleri terbiýeleýäris. Şoňa görä-de, Garaşsyz ýurdumyzyň ýaşlarynyň durmuşynda özboluşly orun tutýan «Soňky jaň» dabarasy mynasybetli mähriban uçurymlarymyzy durmuş ýolunda täze menzillere, belent maksatlara ruhlandyrýan dabaralary giňden ýaýbaňlandyrýarys», — Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýazdy we üznüksiz öwrenilmeli bilimler we ylymlar, ýadawsyz çekilmeli zähmet kämillige eltýän ýoldugyny aýtdy.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz uçurymlary durmuş ýollarynyň täze sepgitlerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Döwlet adam üçindir!» diýen şygaryna hem-de «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş ýörelgämize eýermeklige çagyrdy.
Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 2025-2026-njy okuw ýylynda türkmen mekdep okuwçylarynyň halkara olimpiadalarda, ylmy-döredijilik bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp bolandyklaryny belläp geçdi. Döwlet Baştutanymyz muňa milli maksatnamalarymyzyň, konsepsiýalarymyzyň we strategiýalarymyzyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň netijesi hökmünde garady.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň orta mekdepleriniň uçurymlaryna, mugallymlaryna we ähli bilim işgärlerine berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, berkarar Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde hem-de okuwlarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.







