Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň raýatlaryna her ýyl 25-nji maýda bellenilip geçilrýän Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli Gutlag bilen ýüzlendi.
Döwlet Baştutanymyz Gutlagynda Watanymyzyň paýtagty Aşgabat beýik ösüşlere beslenip, tanalmaz derejede özgerýändigini belledi. Dünýä tejribesiniň öňdebaryjy binagärlik däpleriniň, inženerçilik-tehniki çözgütleriniň milli binagärlik ugurlary bilen utgaşdyrylýan ak mermerli paýtagtymyzda mähriban halkymyzyň bagtyýar durmuşyny, döwrebap ýaşaýyş şertlerini üpjün etmäge gönükdirilen maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň aýtmagyna görä, Aşgabadyň binagärlik keşbini has-da özgertmek, şäher ilatynyň abadan durmuşy, zähmet çekmegi we dynç almagy üçin amatly şertleri döretmek, halkyň durmuş taýdan goraglylygyny gowulandyrmak, täze iş orunlaryny döretmek, hyzmatlar ulgamyny kämilleşdirmek, şäherde arassaçylyk kadalaryny berjaý etmek esasy maksat bolup durýar.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz Aşgabadyň ak mermerli binalaryň has köp jemlenen şäheri hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilendigini ýatlatdy we her ýylyň 25-nji maýynyň Aşgabat şäheriniň güni hökmünde bellenip geçilmegi paýtagtymyzyň halkara abraýyny has-da belende göterýängidini aýratyn belledi. Aşgabat şäheriniň «Dizaýn» ugry boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) döredijilik şäherleriniň toruna, şeýle hem bu guramanyň öwreniji şäherleriniň bütindünýä toruna girizilmegi, Syýahatçylyk şäherleriniň bütindünýä federasiýasynyň agzalygyna kabul edilmegi dürli syýahatçylyk ugurlaryny ösdürmekde, şeýle hem şäheriň syýahatçylyk mümkinçiliklerini artdyrmakda, halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde möhüm ähmiýete eýedir.
Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gözel paýtagtymyzyň diplomatiýanyň hem-de bitaraplygyň sebit we halkara merkezi hökmündäki barha artýan abraýyna ünsi çekmek bilen Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ştab-kwartirasynyň ýerleşendigini aýtdy.
«Biz berkarar Watanymyzyň ýüregi Aşgabady mundan beýläk-de ösdürmek, has-da gözelleşdirmek boýunça alyp barýan işlerimizi geljekde-de dowam etdireris» — diýip, Döwlet Baştutanymyz Hatynda ýazdy we Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyny Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady.







