«Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň dördünji tapgyrynda ýylda 10 milliard kub metr harytlyk gazy taýýarlaýan desgany gurmak we ulanyş guýularyny burawlamak işleriniň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen, 1 müň 41 sany täze iş orunlary dörär. Bu barada şol işlere badalga berilmegi mynasybetli 17-nji aprelde Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynda geçirilen dabarada eden çykyşynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
Gahryman Arkadagymyz dabara gatnaşyjylary mähirli mübärekläp, häzirki döwürde Türkmenistanda her bir günüň şanly wakalara beslenýändigini, ýurdumyzyň gaz pudagyny mundan beýläk-de ösdürmekde möhüm bolan ýene-de bir tutumly işe — «Galkynyş» gaz känini senagat taýdan özleşdirmegiň dördünji tapgyryna badalga berilýändigini aýtdy.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, 2009-njy ýylda Türkmenistan — Hytaý halkara gaz geçirijisiniň ulanmaga berilmegi özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da berkiden taryhy wakalaryň biri boldy. 17 ýyla golaý wagt bäri bu gaz geçiriji arkaly eksport edilýän türkmen mawy ýangyjy dostlukly ýurduň ykdysadyýetini ösdürmäge uly goşant goşýar.
Dünýäde iň iri gaz ýataklarynyň biri bolan «Galkynyş» gaz käniniň senagat taýdan özleşdirilmegi türkmen döwletiniň energetika strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmekde, eksporta niýetlenen çig mal binýadyny berkitmekde uly ähmiýete eýe. Mary welaýatynyň günortasynda ýerleşýän bu gaz käni Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen geologlarynyň iň uly açyşlarynyň biri boldy.
«Biz «Galkynyş» gaz känini toplumlaýyn özleşdirmäge 2009-njy ýylyň dekabrynda girişdik. 2013-nji ýylda biz Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy hormatly jenap Si Szinpiniň gatnaşmagynda «Galkynyş» gaz käninde harytlyk gazy taýýarlamak boýunça zawodlar toplumyny dabaraly açyp ulanmaga berdik. Şu gün bolsa biz «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň dördünji tapgyrynda ýylda 10 milliard kub metr harytlyk gazy taýýarlaýan desganyň we şol möçberdäki gazy çykarmaga niýetlenen guýularyň gurluşygyna badalga berýäris. Bu işler «Türkmengaz» döwlet konserniniň buýurmasy esasynda, baş potratçy bolup çykyş edýän Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasy tarapyndan ýerine ýetiriler» diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy.
Bellenişi ýaly, taryhy taslamany durmuşa geçirmegiň barşynda gaz guýularynyň gurluşygyndan başlap, gaz ýygnaýjy, gaz arassalaýjy we gazy gaýtadan işleýän desgalaryň, gaz geçirijileriň, daşky eltiji ulgamlaryň, ýaşaýyş-durmuş maksatly binalaryň gurluşygy amala aşyrylar. Täze guruljak desgalar mawy ýangyjyň daşary ýurtlara iberilýän möçberini has-da artdyrmaga mümkinçilik berer. Bu bolsa ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak boýunça oňaýly şertleri döreder. Hormatly Arkadagymyz daşary ýurtly hyzmatdaşlarymyzyň ýurdumyzda alyp barýan işlerine yzygiderli goldaw bermegiň, hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň geljekde hem dowam etdiriljekdigini nygtady.
«Biziň Hytaý bilen durmuşa geçirýän bilelikdäki giň gerimli taslamalarymyz iki döwletiň geljege ynamly garaýandygynyň aýdyň güwäsidir. Bu işler geljekde uzak möhletli ysnyşykly hyzmatdaşlyk etmäge gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny aýratyn bellemek isleýärin. Bu mümkinçilikleri netijeli ulanmak diňe bir iki döwletiň bähbitlerine däl-de, eýsem, tutuş Merkezi Aziýa sebitini ösdürmegiň maksatlaryna hem doly laýyk gelýär. Şoňa görä-de, ýurdumyz Hytaýa öz strategik hyzmatdaşy, şol sanda nebitgaz pudagynda esasy hyzmatdaşy hökmünde garaýar» diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy aýtdy.







