2026-njy ýylyň 24-nji noýabryndan 26-njy noýabryna çenli Aşgabatda metanyň zyňyndylaryna emeli hemra we uzakdan gözegçilik usullary boýunça üç sany okuw sapaklary geçirildi. Olary Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Aşgabatdaky Merkezi gatnaşyjylara metanyň zyňyndylaryna emeli hemra we beýleki uzakdan gözegçilik usullaryny ulanmak babatda bilimlerini çuňlaşdyrmaga we tehniki kuwwatyny ýokarlandyrmaga ýardam bermek, şeýle hem zyňyndylary ýüze çykarmak, olara gözegçilik etmek we azaltmak tehnologiýalaryny ulanmaga şert döretmek maksady gurady.
Okuw sapaklaryny metanyň zyňyndylaryna gözegçilik etmegiň we syzmalary ýüze çykarmagyň usullary boýunça ýöriteleşen german kompaniýasy AIRMO GmbH-niň üç hünärmeni geçirdi. Olara «Türkmennebit» we «Türkmengaz» döwlet konsernleriniň, «Türkmengaz» döwlet konserniniň Tebigy gaz ylmy-barlag institutynyň, Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň we Energetika ministrliginiň wekilleri gatnaşdylar.
Birinji okuw sapagynda hünärmenler metanyň zyňyndylaryny bahalandyrmak meselelerine we gözegçilik usullaryna, şol sanda syzmalary ýüze çykarmak we aýyrmak maksatnamalaryna (LDAR) we mukdar taýdan bahalandyrmak usullaryna garadylar. Gatnaşyjylar gözegçilik, hasabat we derňew (MRV) ulgamlary, Ýeri uzakdan zondirlemek we metany emeli hemra arkaly seljermek usullary bilen tanyşdylar. Şeýle hem zyňyndylary dolandyrmagyň ykdysady we maliýe taraplaryna, aýratyn-da ÝB-niň talaplarynyň gaz eksportyna we maliýeleşdirmä elýeterliligine täsirine seredildi.
Ikinji okuw sapagynda emeli hemra we awiasiýa gözegçiligi tehnologiýalary, metana gözegçilik etmek üçin ölçeg guralalaryny işläp düzmek hem-de emeli hemra, awiasiýa we ýerüsti ulgamlary birleşdirmegiň mümkin modelleri tanyşdyryldy.
Üçünji okuw sapagy metan baradaky maglumatlary kadalaşdyrmak we ulanmak meselelerini, howanyň üýtgemegi boýunça hasabatlylygy, töwekgelçilikleri bahalandyrmagy we uglerod bazarlarynda metan taslamalaryny öz içine aldy. Jemleýji sessiýa Taraplaryň konferensiýasynyň 31-nji mejlisiniň (COP31) metan, howanyň üýtgemegi bilen bagly çärelerini maliýeleşdirmek we uglerod bazarlary boýunça jemlerine bagyşlandy.







