Aşgabatda 2026-njy ýylyň 14–15-nji dekabrynda Türkmenistanyň energetika ylmy-amaly maslahatynyň (TESC 2026) çäklerinde PETRONAS TechONE ASHGABAT 2026 atly ylmy-tehniki maksatnama geçiriler. «Ylym. Tehnologiýalar. Hyzmatdaşlyk» şygary astynda guraljak çäre «Türkmengaz» döwlet konserniniň Tebigy gaz ylmy-barlag institutynda nebitgaz pudagynda innowasion işläp taýýarlamalary we häzirki zaman inženerçilik çözgütlerini ara alyp maslahatlaşmak üçin halkara hünärmenleri bir ýere jemlär. Bu barada maslahatyň gurnaýjylary habar berdi.
PETRONAS kompaniýasy bilen bilelikde taýýarlanan maksatnama Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň energetika kompaniýalarynyň, nebit hyzmatlary edaralarynyň, ylmy-barlag merkezleriniň hem-de tehnologiýa işläp taýýarlaýjy kärhanalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçiriler. Çäräniň tehniki hyzmatdaşy hökmünde Nebit inženerleriniň jemgyýeti (Society of Petroleum Engineers — SPE) çykyş edip, hünär tejribesiniň alyşylmagyna we halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ýardam berer.
Maslahatyň çäklerinde guýulary burawlamak we gurmak, önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmak, önümçilik desgalarynyň ygtybarlylygyny üpjün etmek, turbageçirijileriň howpsuz işlemegini gazanmak ýaly ugurlar boýunça tehniki mejlisler geçiriler. Şeýle hem zyňyndylaryň gözegçiligi, energiýa netijeliligi, emeli aň, maglumatlary seljermek we enjamlaryň öňünden çaklama diagnostikasy ýaly häzirki zaman ugurlar boýunça tejribe alyşmalar guralar.
Mundan başga-da, Advanced Technology Showcase görkezme meýdançasynda türkmen we daşary ýurt kompaniýalary döwrebap enjamlaryny, sanly çözgütlerini we önümçilik tehnologiýalaryny hödürlärler. Şeýle çäreler energetika pudagynda täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna, hünärmenleriň başarnyklarynyň ösdürilmegine hem-de Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň önümçilik mümkinçilikleriniň has-da ýokarlandyrylmagyna möhüm goşant goşar.







