GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Owganystan Türkmenistandaky söwdalarda «Türkmennebit» döwlet konserninden gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny satyn aldy
26.11.2026

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda 25-nji noýabrda geçirilen birža söwdalarynda daşarky bazarda «Türkmennebit» döwlet konserniniň gidrousulda arassalanan dizel ýangyjy satyldy.

Ony satyn almak boýunça geleşikler Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri bilen «Türkmennebit» döwlet konserniniň arasynda baglaşyldy.

Mundan başga-da, daşarky bazarda gonkongly telekeçiler ýerli işewürlerden «Berzeňňi» bejeriş-naharhana gazlandyrylan mineral suwuny satyn aldylar. Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) telekeçileri Türkmenistanyň işewür toparlarynyň wekilleri bilen nah ýüplügini we çig matany satyn almak boýunça geleşikleri baglaşdylar.

Içerki bazarda ýarympanama nah çig mata we gabardin çig nah mata satyldy.

Söwdalaryň barşynda jemi 3 448 000 manada we 7 527 598,19 ABŞ dollaryna deň bolan 6 geleşik baglaşyldy.