GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmenistanyň biržasynda owgan telekeçileri «Türkmennebit» döwlet konserninden dizel ýangyjyny we suwuklandyrylan gazy satyn aldylar
25.11.2026

24-nji noýabrda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçirilen biržä söwdalarynyň barşynda daşarky bazarda ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň önümlerine isleg bildirildi.

Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserni bilen gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny we suwuklandyrylan gazy satyn almak boýunça geleşikleri baglaşdylar.

Mundan başga-da, türkiýeli telekeçiler ýerli işewürler bilen pagta süýümini satyn almak boýunça geleşikleri baglaşdylar.

Söwdalaryň barşynda umumy bahasy 3 850 237,75 ABŞ dollaryna deň bolan 4 geleşik baglaşyldy.