GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmenistanyň Prezidenti Oman Soltanlygynyň Milli güni mynasybetli gutlaglaryny iberdi
25.11.2026

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Omanyň Soltany Haýsam bin Tarik Al Saide Oman Soltanlygynyň Milli güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz Soltan Haýsam bin Tarik Al Saide tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Oman Soltanlygynyň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi.


Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi