«Türkmennebit» döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň hünärmenleri «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ýokary zähmet netijelerini görkezýärler. Kärhananyň şu ýylyň 10 aýyndaky önümçilik we ykdysady görkezijileri nebiti gaýtadan işlemek boýunça meýilnamalaryň üstünlikli ýerine ýetirilendigini görkezýär. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berdi.
Kärhanada önümçilik işleriniň awtomatlaşdyrylan dolandyryş ulgamlary esasynda alnyp barylmagy önümçilik kuwwatyndan netijeli peýdalanmaga, işleriň depginini ýokarlandyrmaga we bellenilen meýilnamalary artygy bilen ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär. Hasabat döwründe toplumda 4 million 92 müň tonna golaý uglewodorod çig maly gaýtadan işlenildi.
Şol döwürde «Türkmenistanda öndürildi» diýen belgi bilen çykarylýan nebit önümleriniň esasy görnüşleriniň önümçiliginde hem ýokary netijeler gazanyldy. Hususan-da, kärhanada 1 million 198 müň tonna benzin, 1 million 275 müň 600 tonna dizel ýangyjy, 44 müň 200 tonna ulag ýaglary, 133 müň 100 tonna suwuklandyrylan gaz, 355 müň 800 tonna nebit ýandyryjy mazut, 42 müň 400 tonna polipropilen, 354 müň 200 tonna kerosin we 434 müň 500 tonna nebit bitumy öndürildi.
Türkmenbaşydaky toplumyň önümçilik mümkinçiliklerini giňeltmekde döwrebap tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan täze desgalaryň ähmiýeti uludyr. Ýyllyk kuwwaty 90 müň tonna polipropilen öndürmäge niýetlenen önümçilik bölüminde dünýä ülňülerine laýyk gelýän enjamlar ulanylýar. Bu ýerde önümiň hiline aýratyn üns berlip, gije-gündiziň dowamynda 300 tonna golaý polipropilen zireleri öndürilýär we 25 kilogramlyk gaplara ýerleşdirilýär.
Kärhananyň çalgy ýaglaryny öndürýän we gaplaýan bölüminde hem tejribeli hünärmenler netijeli zähmet çekýärler. Bu desgada 50-ä golaý işgär zähmet çekip, bir günde 200 tonna golaý ýokary hilli ýag önümlerini taýýarlamaga we gaplamaga mümkinçilik alýarlar. Ýyllyk önümçilik kuwwaty 80 müň tonna barabar bolan bu bölümde ulaglaryň dürli görnüşleri üçin niýetlenen çalgy ýaglarynyň onlarça görnüşi öndürilýär.
2011-nji ýylyň dekabrynda işe girizilen polipropilen haltalary öndürýän desgada hem önümçilik işleri yzygiderli ösdürilýär. Ýyllyk kuwwaty 10 milliondan gowrak dürli ölçegdäki haltalary öndürmäge mümkinçilik berýän bu bölümde häzirki wagtda dürli göwrümdäki polipropilen gaplar taýýarlanylýar.
Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda alnyp barylýan giň gerimli işler ýurdumyzyň nebit-himiýa pudagynyň önümçilik kuwwatynyň ýokarlanýandygyny, milli önümleriň halkara bazarlarynda bäsdeşlige ukyplylygynyň artýandygyny görkezýär. Kärhananyň hünärmenleriniň yhlasly zähmeti netijesinde ýokary hilli nebit önümlerini öndürmek, içerki we daşarky bazarlara ibermek boýunça täze üstünlikler gazanylýar.







