Türkmenistanyň biržasynda owgan telekeçileri suwuklandyrylan gaz bilen awiakerosin satyn aldylar
24.11.2026
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda 23-nji noýabrda geçirilen söwdalaryň barşynda ýurdumyzyň nebithimiýa önümleri ýerlenildi.
Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserni bilen «ТS-1» kysymly awiakerosini satyn almak boýunça geleşikleri baglaşdylar. «Türkmenhimiýa» döwlet konserninden bolsa olar suwuklandyrylan gaz satyn aldylar.
Söwdalaryň dowamynda jemi 3 269 832,16 ABŞ dollaryna deň bolan 4 geleşik baglaşyldy.
Şeýlede okaň
24.11.2026
24.11.2026
24.11.2026







