GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy Pakistanyň ilçisi bilen söwda-ykdysady, energetika we ulag hyzmatdaşlygyny ara alyp maslahatlaşdy
27.11.2026

2026-njy ýylyň 26-njy noýabrynda Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Farýal Legari bilen duşuşygy geçirildi.

Taraplar ikitaraplaýyn gün tertibiniň möhüm meselelerine garadylar.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek, energetika we ulag-aragatnaşyk ulgamlarynda özara gatnaşyklary ösdürmek, şeýle hem bilelikdäki sebit infrastruktura taslamalaryny ilerletmek meselelerine esasy üns berildi.

Mundan başga-da, sebit hyzmatdaşlygy we halkara guramalaryň çäklerinde özara gatnaşyklar boýunça pikir alyşyldy. Duşuşygyň jemleri boýunça taraplar syýasy-diplomatik dialogy dowam etdirmäge we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga taýýardyklaryny tassykladylar.