Türkmenistanyň Fransuz Respublikasyndaky ilçihanasynyň habar bermegine görä, 2026-njy ýylyň 26-njy noýabrynda Parižde MEDEF International-yň (Fransiýanyň kärhanalarynyň hereketiniň halkara bölüminiň) baş edarasynda Döwlet haryt-çig mal biržasynyň başlygy Batyr Wolsahatowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýetiniň fransuz iş toparlarynyň wekilleri bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşyk Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçihanasynyň goldawy bilen guraldy. Ondan soň biržanyň ýolbaşçylygy gyzyklanma bildirýän fransuz kompaniýalary bilen birnäçe ikitaraplaýyn gepleşik geçirdi.
Duşuşygy açanda MEDEF International-yň Baş direktory Filip Gotýe Türkmenistanyň Merkezi Aziýadaky ýagdaýyny we fransuz tarapynyň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge gyzyklanýandygyny belledi. Çärede türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2025-nji ýylda Fransiýa eden resmi sapary hem ýatlanyldy.
Batyr Wolsahatow ýurduň eksport kuwwatyny tanyşdyryp, birnäçe teklip öňe sürdi: türkmen öndürijileri bilen fransuz kompaniýalarynyň arasynda göni aragatnaşyk ýola goýmak, uzak möhletleýin şertnamalary baglaşmak, fransuz kompaniýalarynyň biržа söwdalaryna gatnaşmagyny giňeltmek we ulag-logistika hyzmatdaşlygyny ösdürmek. Biržа bilen gyzyklanma bildirýän fransuz kompaniýalarynyň arasynda täjirçilik maglumatlary alyşmak we geljegi uly geleşikleri ara alyp maslahatlaşmak üçin hemişelik özara hereket mehanizmini döretmäge aýratyn üns berildi.
Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçisi Maksat Çaryýew Türkmenistanyň 2026–2030-njy ýyllar üçin daşary ykdysady işi ösdürmegiň Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri barada gürrüň berdi. Çäräniň çäklerinde şeýle hem biržanyň işi, biržа söwdasynyň mehanizmleri, daşary ýurt kompaniýalarynyň söwdalara gatnaşmagynyň şertleri we ýerli önümleri Ýewropanyň bazarlaryna iberişiň mümkinçilikleri tanyşdyryldy.
Ikitaraplaýyn gepleşiklerde taraplar türkmen önümlerini Ýewropanyň bazarlaryna iberişi giňeltmegiň, türkmen öndürijileri bilen göni aragatnaşyk ýola goýmagyň we uzak möhletleýin daşary söwda şertnamalaryny baglaşmagyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Nebit önümlerini, mineral dökünleri, tehniki kükürdi we himiýa hem-de nebithimiýa senagatynyň beýleki önümlerini satyn almak meselelerine aýratyn üns berildi. Taraplar şeýle hem ulag-logistika hyzmatdaşlygyny ösdürmek, halkara söwdanyň mehanizmlerini kämilleşdirmek, bilelikdäki maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek we maliýe serişdelerini çekmek barada pikir alyşdylar.
Fransuz kompaniýalarynyň wekilleri Türkmenistanyň önümçilik we eksport kuwwatyny mundan beýläk-de öwrenmäge we türkmen kärhanalary bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmaga gyzyklanma bildirdiler. Gepleşikleriň jemleri boýunça taraplar Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçihanasynyň goldawy bilen iş aragatnaşyklaryny we hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryny anyk işlemegi dowam etdirmäge taýýardyklaryny mälim etdiler.







