13-nji oktýabrda Hytaý Halk Respublikasynyň Hubeý welaýatynyň Uhan şäherinde Hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-hytaý hökümetara toparynyň Ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça kiçi komitetiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Taraplar ileri tutulýan birnäçe ugur boýunça amaly gatnaşyklary ösdürmek we bilelikdäki ylmy-barlag taslamalaryny durmuşa geçirmek barada ylalaşdylar.
Mejlis Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti, kiçi komitetiň Türkmen böleginiň başlygy Allaberdi Aşirowyň hem-de kiçi komitetiň Hytaý böleginiň başlygy, Hytaý Halk Respublikasynyň Ylym we tehnologiýalar ministriniň orunbasary Çžan Guançžunyň ýolbaşçylyk etmeginde geçirildi.
Mejlisiň Gün tertibine laýyklykda, kiçi komitetiň öňki mejlisinden bäri amala aşyrylan işleriň barşy gözden geçirildi. Gazanylan ylalaşyklaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigi, iki ýurduň ylmy-barlag edaralarynyň we hünärmenleriniň birnäçe ugurlarda netijeli hyzmatdaşlygy amala aşyrýandygy nygtaldy.
Ylym we tehnologiýalar ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde aşakdakylar görkezildi:
— ylmyň gazananlaryny nebitgaz we energetika pudaklaryna ornaşdyrmak;
— nebitgazhimiýa tehnologiýalaryny we nanomateriallary işläp taýýarlamakda ylmy alyş-çalşyk;
— emeli aň babatynda akademiki binýady berkitmek we amaly başarnyklary ýokarlandyrmak;
— seýsmiki töwekgelçilikleri azaltmak boýunça hyzmatdaşlygy dowam etmek;
— adaty oba hojalyk mikroorganizmlerini işläp taýýarlamakda öňdebaryjy sintetiki biologiýa we genleri takyk redaktirlemek usullaryny ornaşdyrmak babatynda tejribe alyşmak;
— çölleşmä garşy göreşmek we köpdürli biologiýany saklap galmak;
— gowaçanyň seleksiýasy we suw tygşytlaýjy suwaryş ulgamy babatynda hyzmatdaşlyk etmek.
Mejlisde 2026-njy ýylyň aprel aýynda gol çekilen «Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Ylym we tehnologiýalar ministrliginiň arasynda ylmy-tehniki we innowasion hyzmatdaşlyk barada 2026–2028-nji ýyllar üçin Maksatnama» we onuň Meýilnamasy ýokary baha mynasyp boldy.
Hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadyny has-da berkitmek maksady bilen, duşuşygyň netijeleri boýunça Hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-hytaý hökümetara toparynyň Ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça kiçi komitetiniň üçünji mejlisiniň Teswirnamasyna gol çekildi.
Türkmenistanyň Daşarry işler ministrligi







