17-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.
Wise-premýer Guwanç Agajanow «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» atly 31-nji halkara maslahatyna we sergisine görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň degişli Kararyna laýyklykda, Aşgabat şäherinde geçirilmegi göz öňünde tutulan bu çärelere taýýarlyk işleri giň gerimde alnyp barylýar. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanda amatly maýa goýum gurşawyny döretmek boýunça başlangyçlarynyň hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň beýanydyr.
Halkara maslahaty «Energiýa. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» diýen şygar astynda geçiriler we onuň çäklerinde birnäçe plenar mejlisler hem-de beýleki maslahatlar guralar. Şeýle hem «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlikler hem-de ikitaraplaýyn duşuşyklar geçiriler.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz hasabaty diňläp, Türkmenistanda nebitgaz toplumyny ösdürmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny berkitmek maksady bilen, halkara maslahatlaryň we sergileriň yzygiderli geçirilýändigini aýtdy.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýer Guwanç Agajanowa «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» atly 31-nji halkara maslahatyny we sergisini ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.
Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi







