17-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.
Ilki bilen, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa milli kanunçylygy mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.
Bellenilişi ýaly, Mejlisde ýurdumyzyň hereket edýän kanunlaryny Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek maksady bilen, «Elektron söwda hakynda», «Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň döwlet belligine alynmagy hakynda» Türkmenistanyň kanunlarynyň taslamalaryny taýýarlamak, şeýle hem Türkmenistanyň Gümrük, Jenaýat, Raýat iş ýörediş kodekslerine we başga-da birnäçe kanunçylyk namalaryna degişli üýtgetmeleri hem-de goşmaçalary girizmek boýunça işler geçirilýär.
Şu ýylyň 7-nji oktýabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda sebitde we bütin dünýäde durnukly ösüşi üpjün etmekde, parahatçylygy, ynanyşmagy berkitmekde zenanlaryň orny, gender deňligi, saglygy goraýyş, demografik ösüş, kanunçykaryjy edaralaryň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak hem-de tejribe alyşmak maksady bilen, «Parahatçylygy saklamakda we durnukly ösüşe ýetmekde zenanlaryň orny» atly Halkara zenanlar dialogy, «Ählumumy saglygy goraýyş hyzmatlary we durnukly ösüş maksatlary» atly ikinji halkara maslahat, «Demografik prosesler we durnukly ösüş: häzirki zamanyň wezipeleri we halkara tejribesi» atly halkara maslahat geçirildi.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz döwrüň talaplaryna laýyk gelýän täze kanunlaryň taslamalaryny işläp taýýarlamaga aýratyn üns bermegiň hem-de bu ugurda alnyp barylýan işleri dowam etmegiň möhümdigini belledi.
Soňra ozal berilen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi we geçiriljek çärelere görülýän taýýarlyk barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary hasabat berdiler. Wise-premýerler Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklipleri hem hödürlediler. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňledi we hödürlenen teklipleri makullap, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.







